06.07.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we “Türkmensenagat eksport-import” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi) BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
başga-da, Russiýadan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 94 million 190 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Şotlandiýadan, Pakistandan gelen telekeçiler bahasy 880 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, polipropilen taýajyklaryny we gaplaýyş serişdelerini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 119 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!