22.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakkum gazoýlyny satyn aldylar. Russiýanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilene, şeýle hem karbamide («Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi) isleg bildirdiler.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna günebakar ýagyny, mebel pamygyny, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 150 million 284 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 541 müň manatlykdan gowrak nah matany we ýüplügi hem-de saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!