19.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugrady.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky bu deňiz şypahanasy öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldip, ýurdumyzda örän uly meşhurlykdan peýdalanýar hem-de daşary ýurtlarda hem barha artýan gyzyklanmany döredip, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öz mazmuny we göz öňünde tutýan maksady boýunça bu ägirt uly taslamanyň gürrüňsiz suratda gelejeginiň uludygyny we üstünlikleriň yzygiderli artýandygyny tassyklaýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý dikeldiş mümkinçilikleri, innowasiýa, öňdebaryjy binagärlige we inžener-tehniki pikirlere tarap alnan ugur, hyzmatyň ýokary derejesi türkmen topragynyň hakykatdan-da bu behişdi künjeginiň halkara syýahatçylygynyň şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, eýsem dürli ýurtlardan bolan adamlaryň uly höwes bilen gelýän ýeri bolan Awazada dynç alýanlara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatlaryň giň görnüşleri hödürlenýär. Häzir bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş merkezleriniň, kottej şäherçeleriniň, saglyk we dynç alyş merkezleriniň, köpugurly şypahanalaryň we seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Bu “merjen” şypahana desgalary ýerli tebigy landşaft bilen sazlaşykly utgaşyp, el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişip,oňaýly howa ýagdaýyny emele getirýär. Ähli ýerde, şol sanda şypahananyň tutuş çäkleri boýunça uzalyp gidýän Awaza derýasynyň iki kenarynyň ugrunda seýilgähler, bagy-bossanlyklar we gül-gülzarlyklar ýaýylyp gidýär.
Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň sport düzüminiň pugtalandyrylmagy üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Bu ýerde söweş sungatlary, sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, şol sanda suwda ýüzmek, hokkeý we figuralaýyn typmak, şeýle hem fitnes, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, waleýbol we beýlekiler bilen meşgullanyp boljak iň häzirki zaman sport toplumlary guruldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köpçülikleýin zähmet rugsatlarynyň möwsümi bilen baglylykda, goşmaça guramaçylyk çäreleri hem görüldi. Bu bolsa tomus döwri üçin häsiýetlidir. Deňizde dynç almaga gelýän myhmanlaryň uly ýaşly adamlaryna hem, ýaşlaryna hem wagtlarynyň gyzykly we peýdaly geçmegi üpjün edildi. Mysal üçin, ähli degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň oýun meýdançalary we dürli görnüşli attraksionly Akwapark çagalaryň wagt geçirýän söýgüli ýerlerine öwrüldi.
Mundan başga-da, şypahananyň amatly ekologiýa gurşawyny we ajaýyp tebigy ýagdaýlaryny döredýän tämiz howany, altynsöw arassa kenar ýakalaryny, deňizde suwa düşmegi we gün şöhleleriniň ulanylyşyny bellemän geçmek bolmaz. Hazaryň ajaýyp giň gözýetimi hem ruhlandyryp, özüniň ilkibaşky gözelligi bilen özüne çekýär. Bularyň ählisi ajaýyp dynç alyşy kepillendirip, uzak wagta ruhubelentlik, göwünhoşluk hem-de özüňi oňat duýmagy bagyş edýär.
Şunuň bilen bir hatarda, soňky ýyllarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy iri işewür, medeni we sport merkezi derejesinde ynamly ykrar edilip, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara ähmiýetli dürli çäreleriň hem geçirilýän ýerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ösüşlere beslenen döwlet syýasatynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, “Awaza” häzirki wagtda Türkmenistanyň depginli durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda düýpli özgerip, türkmen topragynyň hakyky behişdi künjegine öwrülen deňiz şypahanasynyň binagärlik toplumyny synlap, daşky gurşawa aýawly garamagyň, bu ýerde oňaýly ekologiýa ýagdaýynyň döredilmeginiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hazaryň kenarynda döredilen şypahana zolagynyň ähli desgalarynyň, Awazanyň ähli künjekleriniň, aýratyn-da, onuň seýilgäh toplumlarynyň arassa we abadan saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde oturdylan baglara ideg etmek, şeýle hem ýola goýlan kadalara laýyklykda, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy, ýol belgilerini hem-de ýol düzüminiň beýleki serişdelerini öz wagtynda oturtmagy tabşyrdy.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna geldi.
Iň döwrebap bu port toplumy geçen ýylyň maý aýynda ulanyşa tabşyrylyp, Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Onuň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy sebitiň döwletleriniň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna depginli goşulyşmagyna, yklymyň iri üstaşyr-ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz menzilinde Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyza şu ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, Forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň baştutanlary, bank ulgamynyň, işleri Hazar bilen bagly bolan firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň, ylmy merkezleriň işgärleri çagyryldy.
Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda “Hazar innowasion tehnologiýalar” we “Türkmen sährasy-2019” sergileri we Halkara maslahat bar. Maslahatda dünýä möçberinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum taýdan özüne çekijiligiň ösüşiniň ýagdaýlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary, bilelikdäki kärhanalary döretmäge we ösdürmäge, şeýle hem sanly ykdysadyýete kenarýaka döwletleriň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine, statistiki maglumatlaryň alşylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berler.
Mälim bolşy ýaly, birinji Hazar ykydysady forumyny geçirmegiň senesi tötänden saýlanyp alynmady. Hut şol gün, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawuny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Şondan bäri bu sene sebitiň ýurtlary tarapyndan Hazaryň halkara güni hökmünde bellenilýär.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda bolsa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýa gol çekildi. Munuň özi örän uly halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Geçen ýyl Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen ýokary derejedäki şol duşuşykda hem Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli esasda Hazar ykdysady forumyny geçirmek hakynda teklibini aýtdy. Bu teklibi kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň Baştutanlary goldadylar.
Mundan başga-da, bu sammitiň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumyna milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara ylalaşyklary girdi. Hazar forumynyň öň ýanynda geçirmek meýilleşdirilýän ministrleriň ýörite duşuşygy bu ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işi barada habar berildi. Onuň öňdebaryjy düzümleri diňe bar bolan islegleri däl, eýsem-de, ulag-logistiki hyzmatlaryna geljekki islegleri hem kanagatlandyryp bilýär. Öňde boljak forum hem bu ugurda hallkara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge, şeýle hem sebit we sebitara söwda, ykdysady, syýahatçylyk hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, wise-premýerler kenarýakasynda, aýratyn-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda oňaýly ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak, şypahananyň çäklerinde täze seýilgäh zolaklaryny döretmek hem-de bar bolan bagy-bossanlyklary abadandaşdyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada habar berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri görüp, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.
Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Hazar deňziniň eýe bolan ägirt uly tebigy-serişde, üstaşyr-ulag, energetika we senagat kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge yzygiderli eýermek arkaly çykyş edip, kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli esasda öňe sürýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ýakynda geçiriljek birinji Hazar ykydysady forumy hem şuňa gönükdirilendir. Ol ýokarda agzalan ulgamlarda Hazarýaka ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini, şeýle hem giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda innowasion tehnologiýalar, ekologiýa we suw diplomatiýasy babatda halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk etmäge olaryň mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.
Biz halklary köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen bagly bolan Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, gadymy Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmündäki derejesiniň berkarar bolmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Hazar forumynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň iň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde jikme-jik işlemegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Landşaft we bag-seýilgäh bezegleri ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlar we iň oňat dünýä tejribesi esasynda täze seýilgäh toplumlaryny döretmek boýunça işleri dowam etmeli. Bejeriş arassa deňiz howasy bilen bir hatarda munuň özi bu künjekde oňaýly howa ýagdaýyny, amatly ekologiýa gurşawyny üpjün eder, dikeldiş zolagynyň özüne çekijiligini artdyrar.
Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny kemala getirmek onuň syýahatçylyk mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň zerur şertidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde hem bina edilýän täze kärhanalar, senagat desgalary tebigaty goramagyň ýagdaýlaryna we talaplaryna doly derejede kybap gelmelidir diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, öňde goýlan wezipeleri çözmäge öňdebaryjy tejribeleri ulanmak bilen, ylmy esasda çemeleşmelidigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek “Hazar innowasion tehnologiýalar” we Türkmen sährasy—2019” halkara sergileriniň ýerleri bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym we tehnologiýalar ulgamynda soňky işläp taýýarlamalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilen hem-de geljege niýetlenen, şol sanda ýokary tehnologiýaly önümleri çykarýan häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen innowasion taslamalar görkeziljek bu sergi bezelende, innowasion çözgütler ulanylmalydyr.
Şunuň bilen bir hatarda, türkmen sergi bölümi ajaýyp bezelişi, milli öwüşgüni bilen tapawutlanmalydyr, başgaça aýdylanda, halkymyzyň häzirki zaman gazananlarynyň we özboluşly däpleriniň, onuň medeni mirasynyň, yzygiderli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga tarap ýörelgäniň jemlenen keşbine öwrülmelidir.
Milli Liderimiz Hazar sebitiniň ýurtlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny ösdürmegi babatda geçiriljek forumyň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, forumda işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmekleri, tejribe alyşmaklary, täze taslamalary we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaklary üçin oňaýly meýdança döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňki döwürde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini görkezmäge niýetlenen “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtoserginiň geçiriljek ýerine bardy. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran ady rowaýata öwrülen bu ýoly işjeň täzeden dikeldip, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” transkontinental ulag geçelgelerini gurmak bilen, awtomobil we demir ýol, howa we deňiz ýol ugurlarynyň ulgamyny giňeldýär.
Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, ulag düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçili tarapyndan giň goldawa eýe bolan durnukly ulag ulgamy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky başlangyjyny öňe ilerletmäge gönüden-göni ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Häzir Türkmenbaşy şäheri halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna, wekilçilikli maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi, ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda onuň eýeleýän orny artýar. Şäheriň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze iri möçberli wezipeleri şertlendirýär. Şol wezipeleriň çözülmegine köp babatda özgertmeleriň hem-de umumymilli maksatnamalaryň üstünligi baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarynda köptaraply gatnaşyklary ep-esli giňeltmek üçin uly geljegi açýandygyny nygtady. Aslynda, Türkmenistanyň günbatarynda bu desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, strategiki taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ýük daşalyşynyň we ýolgçy gatnadylyşynyň möçberlerini artdyrmak üçin iri meýdança döredilýär, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala getirilýär.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!