2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi.
Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.
Ir säher bilen paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary welosipedlerinde Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolundan başlanýan seýligähiň golaýynda ýygnandylar we bu ýerden köpçülikleýin ýöriş başlandy. Çärä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Mejlisiniň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar we mekdep okuwçylar gatnaşdylar.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan ýerine gelip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara gutlag sözlerini aýtdy. Bu ýere gelenleriň ählisini Bütindünýä welosiped güni bilen mähirli gutlap, Prezidentimiz bu halkara baýramçylygyň adam saglygynyň bekidilmegine, daşky gurşawa aýawly garalmagyna, şeýle hem sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.
Türkmen paýtagtyna gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) başlygy Dawid Lappartýen, «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň Prezidenti I.Makarow, şeýle hem dünýä meşhur türgenler baýramçylygyň hormatly myhmanlary boldular.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilki Arçabil, soňra Bitarap Türkmenistan şaýollaryndan hereket edip, 15 müň metr aralygyny geçeninden soňra arzyly pellehana geldi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň öňüsyrasynda Ginnesiň Rekordlar Kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi-Gemiji Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady we 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Olimpiýa şäherjiginde täze dünýä rekordynyň – bir hatar boýunça iň dowamly welosipedli ýörişiniň guralmagynyň rekordynyň goýulandygyny habar berdi. Welosipedçiler biri-birleri bilen belli bir aralyklardan bir hatara düzüldiler we welosipedli Olimpiýa şäherjiginden 3300 metr aralygy geçdiler.
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportunyň hem täze ösüşe eýe bolýandygyny nygtamak zerurdyr. 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul etdi we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi.
Ýurdumyzda Olimpiýa şäherjiginiň toplumyna girýän dünýä standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman ýapyk welodrom guruldy. Şeýle-de welosiped sporty 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Milletimiziň Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişler, awtoulagsyz günler yzygiderli geçirilýär, bu bolsa, sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň we janköýerleriniň sanynyň artmagyna getirýär.
Ekologiýa üçin zyýansyz bolmak bilen welosipedli sport dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Indi bolsa ýurtlaryň hem-de halklaryň ählisini birleşdirýän täze baýramçylyk peýda boldy. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň global ösüşe, sagaldyş hereketine hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna ýene-de bir ähmiýetli goşandy bolup durýandyr.
Çäräniň çäklerinde Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) Başlygy Dawid Lappartýen welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin UCI-niň Türkmen liderine Halkara minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurmak hakyndaky kararyny yglan etdi. Şeýle-de Welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Welotrek sporty boýunça Dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçirilmegi baradaky karary hem yglan edildi.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary hem Bütindünýä welosiped gününi welosipedli ýörişlerini guramak arkaly belläp geçdiler. Şeýle welosipedli ýörişler Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusyň, Eýranyň we Hindistanyň paýtagtlarynda geçirildi. Köpçülikleýin ýörişlere türkmen hem-de daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar, şol sanda Türkmenistandan baran talyplar gatnaşdylar.

www.mfa.gov.tm