17.11.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermegi üçin söz berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda degişli ugurda geçirilmeli işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli artandygyny belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamanyň kabul edilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulýan işleriň garamagyndaky düzümler tarapyndan öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer maliýe-ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek teklip edilýär.

15.11.2017. Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslendirmäge we ösdürmäge, sebitde bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşma öwrüldi.
Maslahat daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan, Azerbaýjandan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Müsürden, Hindistandan, Indoneziýadan, Yrakdan, Eýrandan, Ispaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Kanadadan, Katardan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Norwegiýadan, BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan wekiliýetleriň onlarçasyny Aşgabatda ýygnady.
Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň iri ýöriteleşdirilen düzümleriniň-BMG-niň öwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP), BMGÖM-niň, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň (UNAMA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA), Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (UNIDO), BMG-niň Ýewropa ykdysaly toparynyň (UNECE), ЕB, ÝHHG, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, ŞHG-niň, Halkara zähmet guramasynyň (ILO), Günorta Aziýanyň sebit hyzmatdaşlygy assosiasiýasynyň (SAARC), ТRASEKA-nyň, Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasynyň, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak ölçegleri boýunça maslahatynyň (CICA), Aga Hanyň ösüş boýunça guramasynyň (AKDN) hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata iri bank we maliýe düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFS), Halkara ösüş gaznasy OPEK (OFID) öz wekillerini iberdiler.
Aşgabat duşuşygynda şeýle hem ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy.

15.11.2017.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Soňky ýyllarda ahalteke atçylyk toplumynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uly möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýaprakly, iňňe ýaprakly, miweli baglar we beýleki görnüşli baglar oturdylýar, Aşgabadyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda bag-seýilgäh zolaklary döredilýär. Emele getirilýän bagy-bossanlyklar, munuň özi ekologiýa ýagdaýynyň we jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň hakyky görkezijisidir. Gözüňi dokundyrýan, elde döredilen tokaý zolaklary howany gowulandyrýar, onuň arassalanmagyna hem-de kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edip, adamlaryň durmuşy we olaryň saglygynyň goralmagy üçin has oňaýly şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz topluma gelip, uzakda bolmadyk ýerde gezip ýören türkmen alabaýyna üns berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde Wepaly diýlip atlandyrylan alabaýyň keşbiniň seçilip alynmagynda aýratyn many bar. Alabaý halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, milletiň, maşgala ojagynyň, abadançylygynyň goragçysy bolup hyzmat edýär. Ol özüniň wepadarlygy we batyrlygy bilen ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly bolup, dünýä ýüzünde beýik şöhrata eýe boldy. Alabaýlar aýratyn-da, adamlara ýakyn durmakda gaýduwsyzlykda, batyrlykda ýokary nusgalyk derejä göterilendir. Alabaýyň şeýle gymmatlyklaryň hatarynda bolmagy we onuň adalatly we aýgytly hereket etmäge ukyby, garşydaşy ýeňmäge bolan höwesi halkara derejesinde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandygy hemmä bellidir. Döwlet Baştutanymyz behişdi bedewlere çuňňur gadyr goýýan we olaryň janköýeri bolmak bilen, öz işiniň köplügine garamazdan, bedewler bilen didarlaşmaga hem-de at üstünde gezim etmäge yzygiderli üns berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we babadaýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl baýramynda özüne sowgat berlen Melehan diýen ahalteke bedewi bilen ýakyndan didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň dokan alaçasyny dakdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çäginde özüniň Melehan atly bedewine edilýän ideg, onuň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýeri gelende aýtsak, nesil ugry şöhratly Pereň atly ady rowaýata öwrülen bedewden gaýdýan bu atyň hem ýyndamlyk görkezip, nesil ugruna mynasyp boljakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

15.11.2017. Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary, şol sanda köpasyrlyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmekde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny hem-de Türkmenistanyň ornuny açyp görkezmekde döwlet Baştutanymyzyň bu işiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Talyplar türkmen, türk, iňlis we hytaý dillerinde çykyş edip, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň mysalynda ýaş nesli ýokary ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda gürrüňi edilýän meseleleriň möhümdigini bellediler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygy, däpleri bilen çuňňur tanyşdyrmak hem-de onuň dünýä siwilizasiýasyna goşandyna çuňňur düşünmek babatda ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji bolup durýar.

Çykyşlar Türkmenistanyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy we häzirki gatnaşyklary barada wideo filmleriň görkezilmegi bilen utgaşyp gitdi. Çäräniň ayhyrynda oňa gatnaşyjylara üç dilde çap edilen täze kitabyň nusgalary gowşuryldy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).

14.11.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Billenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we türkmen tarapynyň sebitara, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak babatda eýeleýän oňyn ornuna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Muhisa Kituýe minnetdarlyk bildirip, oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan gatnaşyklaryň strategiki häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. ÝUNKTAD-nyň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!