Amerikanyň Söwda palatasy Kazanda wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine garaýar diýip, «Iswestiýa» gazeti assosasiýanyň Russiýadaky prezidenti Aleksis Rodzýankonyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
«Bu sebit biziň kompaniýalarymyzy gyzyklandyrýar. Kazanda-da söwda wekilhanasyny açmak ýerlikli bolardy, biz bu meseleler boýunça işleri alyp barýarys. Wekilhananyň haçan dörediljegi hakda heniz aýtmakdan ir, ýöne biz onuň üstünde işleýäris» diýip, bu neşir Rodzýankonyň sözlerini getirýär.

Materiýaly «www.interfax.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Fin-Russiýa söwda palatasynyň dolandyryş edarasynyň başlygy Esko Ahonyň ýerini şol bir wagtyň özünde «East Office Finnish Industries Oy» Russiýadaky fin senagatynyň wekilhanasynyň baş direktory Ilkka Salonen eýelär.
Fin-Russiýa söwda palatasynyň baş direktory Ýaana Rekolaýneniň aýtmagyna görä, Salonen «East Office», palatanyň müşderileri hasaplanýan 25 sany agza-paýdarlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şu ýylyň maý aýynyň başynda 700 kompaniýadan ybarat bolan Fin-Russiýa söwda palatasy «Fin nou-hausyny Russiýanyň mümkinçilikleri bilen birleşdirmek» atly täze strategiýasyny giňeltmäge girişdi. Häzirki wagtda bu palata işewürlik maksady bilen, Russiýanyň dürli sebitlerine işjeň aýlanýar. Özüniň mümkinçiliklerini we tejribesini hödürleýär, şeýle-de gepleşikleri geçirýär.

Materiýaly «www.fontanka.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Tallinde Estoniýa bilen Ukrainanyň işjeň aragatnaşygyny ösdürmek maksady bilen, ukraýin-eston söwda palatasy açyldy. Bu barada «Европейская правда» habar berýär.
Söwda palatasynyň edara düzümine «Ильяшев и Партнеры» hukuk firmasynyň Tallindäki edarasynyň ýolbaşçysy Witaliý Galiskih we Estoniýadaky «Elme Messer» kompaniýasynyň maliýe direktory Aleksandr Timarow girýär.
Palata Estoniýadaky ukrain telekeçileriniň bäsdeşlige ykyplylygyny goldamak we eston telekeçileriniň ukrain bazaryna çykmak mümkinçilikleri bilen meşgullanar. Şeýle hem iki ýurduň işewürliginiň ösmegi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin esasy meýdança öwrüler.
Ukraina Ýewropada Estoniýanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Umumylykda ukrain wekilleri daşary ýurt telekeçileriniň arasynda birinji orny eýeläp, Estoniýada eýýäm 729 sany kärhanany esaslandyrdylar.

Materialy «www.eurointegration.com.ua» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalis.

Ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew türki döwletleriň hyzmatdaşlyk birleşiginiň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşdy.
«Report» saýtynyň ministrlige salgylanyp habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar türki döwletleriň hyzmatdaşlyk birleşiginiň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edýän ýagdaýyny we ony giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ady agzalýan gurama agza ýurtlaryň dürli ugurlarda, ýagny syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýandyklary bellenildi.
Duşuşykda taraplar azerbaýjan eksportyny höweslendirmegiň, şol sanda söwda öýlerini açmagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Bellemeklerine görä, şu ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjanyň Söwda öýüniň Nur-Sultanda (Gazagystan) açylmagy meýilleşdirilýär.

Materiýaly «www.report.az» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Belarus Söwda-senagat palatasynyň müdiriýetiniň çözgüdi boýunça Birleşen Arap Emirliginde Belarus Söwda-senagat palatasynyň wekili edilip Tajeddin Seif bellenildi.

Tajeddin Seif «K&K Middle East» kompaniýasynyň başlygy, «Inweks» Innowasiýa merkeziniň eýesi we başlygy, BAE-däki ençeme, şeýle hem Italiýada we Belarusda («Bremino Grupp JÇG) kompaniýalaryň hyzmatdaşydyr. Ol BAE-niň Söwda palatalar Birleşiginiň düzümine girýär.

Tajeddin Seif 2007-nji ýyldan bäri BAE-de Belarus Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde işjeň hereket edip, Belarus tarapyna BAE-de we Pars aýlagynyň beýleki ýurtlarynda söwda-ykdysady, sport, ynsanperwerlik we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary guramak boýunça işewür hyzmatdaşlary tapmaga kömek edýär.

Ol arap, iňlis we rus dillerini bilýär.

Materiýaly «www.cci.by» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!