Açylmagyna bary-ýogy bir ýyl töweregi wagt galan ägirt giň möçberli «EKSPO ─ 2020-ä» dünýä ýurtlarynyň 192 sanysy gatnaşar. Garaşylýan 25 million adamyň 70 göterimi BAE-niň daşyndan geler. Munuň özi Bütindünýä sergileriň 168 ýyllyk taryhynda iň köp daşary ýurtly myhmanlaryň gelen sergisi bolar.
«EKSPO ─ 2020-ä» bir günde ortaça ýüz müň adam geler. Onuň guramaçylygynda emeli intellekt, köpçülikleýin akyma niýetlenen öňdebaryjy dolandyryş ulgamlary we serginiň işiniň bökdençsiz dowam etmegini üpjün edýän beýleki köp sanly enjamlar ulanylar. Dubaýdaky Bütindünýä sergisiniň guramaçylary «EKSPO ─ 2020-niň» işiniň dowam edýän wagtynda ulanylmagy meýilleşdirilýän energiýanyň dolulygyna gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden öndüriljekdigini habar berýärler.
Bu taslama dünýä derejeli çärelerde zerur infrastrukturany goldamak üçin Dubaýda elektroenergetikanyň we suw üpjünçiliginiň dolandyrylmagyny (DEWA) amala aşyrýar. DEWA eýýäm «EKSPO ─ 2020» üçin ençeme ägirt uly möçberli taslamalary amala aşyrdy. Olaryň hataryna üç sany iri podstansiýalaryň gurluşygy bilen bilelikde gaýtadan dikeldilen energiýa bilen üpjün edilen serginiň meýdançalary girýär. Olar hem Dubaý «EKSPO-synyň» «Işjeňlik», «Mümkinçilik», «Durnukly ösüş» atly şygarlarynyň hormatyna atlandyryldy.
Energiýa intellektual energoulagamlarynyň üsti bilen öndüriler we ýaýradylar. Şeýle-de bolsa, energiýanyň esasy uly bölegi «Muhammet bin Al Maktum» atly güneşli seýilgähden geler.
Bu ägirt giň möçberli taslamada gatnaşyjylara onuň bütin çäginde gurnalan ekologiýa taýdan arassa «Green Charger» kuwwatlanýan beketli ulag serişdeleri hödürleniler.

Materiýaly «www.orient.tm» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!