Indoneziýanyň Söwda-senagat palatasy Bolgariýanyň Söwda-senagat palatasy bilen söwda ulgamynda özara baglanyşygyň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga ýol açyp, ähtnama gol çekdi diýip «Antara» habarlar agentligi habar berýär.
«Häzirlikçe biziň pikirimiz, aslynda Indoneziýa üçin açyk hem kuwwatly beýleki ýurtlaryň bardygyna garamazdan, diňe hemişeki, ýagny Günbatar Ýewropa we ABŞ ýaly bazarlar bilen hyzmatdaşlyk aragatnaşygyna gönükdirilendir» diýip, ikitaraplaýyn komitetiň başlygy Aleksandr Ýahýa Datuk habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, bu özara düşünişme baradaky ähtnama Sofiýada geçirilen indoneziýa-bolgar işewürler maslahatynyň çäginde gol çekildi.
Indoneziýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekiliýeti söwda we maýa goýum aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, Bolgariýadan başga-da Türkiýä, Müsüre, Serbiýä, Rumyniýa, şeýle hem Günbatar Ýewropa iş bilen baglanyşykly syýahaty amala aşyrýar.

Materiýaly «www.bcci.bg» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.