Duşenbede Täjik-britan söwda palatasy döredildi diýip, «www.tj.sputniknews.ru» habar berýär.
Habarlarda bu söwda palatasynyň ýurtlaryň arasynda işewürligiň, söwdanyň we maýanyň goýumynyň ösdürilmeginiň üstünde işlejekdigi nygtalýar. Bu ýagdaýlar serhede ýakyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly amala aşyrylar. Taraplar söwda aragatnaşygynyň ösdüriljekdigine ynam bildirýärler.
«Biz ikitaraplaýyn aragatnaşygyň we dostlugyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen, bazara çykmakda, logistikada, hukuk seljermelerinde, şeýle hem ýöriteleşdirilen hyzmatlarda goldaw ederis» diýip, habarlarda aýdylýar.
Täjigistan we Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ylalaşdylar.
Şeýle hem iki tarapyň wekilleri täjik-biritan hyzmatdaşlygynyň geljegini birnäçe gezek ara alyp maslahatlaşdylar we ykdysadyýet, bilim, medeniýet we howpsuzlyk ugurlarynda özara gatnaşyklar hakynda ylalaşyga geldiler.

Materiýaly «www.tj.sputniknews.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!