Gygyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy Sooronbaý Žeenbekowyň Türkiýäniň söwda palatasynyň we haryt biržasynyň başlygy Rifat Hisarjykly ogly bilen duşuşandygyny habar berýär.
Ýurduň baştutany bu duşuşygyň Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasyndaky peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk berkemegi we ösmegi üçin aýratyn ähmiýetli waka bolar diýip, belledi.
Rifat Hisarjykly ogly transport we logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini belläp, ýurduň senagat zolagynyň gurluşygynda we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi. Şeýle hem ol hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, işewür gatnaşyklary giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky maýa goýum akymyny we söwda dolanşygyny artdyrmak üçin bilelikdäki söwda-senagat palatasyny döretmegi teklip etdi. Ol Gyrgyzystanda iri infrasturuktura taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça hem öz pikirini paýlaşdy.

Materiýaly «www.knews.kg» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.