«Baý Tuşum» banky Amerikanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Söwda palatasynyň iki sylagyna mynasyp boldy. Bu bank Amerikanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Söwda palatasynyň agzalalarynyň we hyzmatdaşlarynyň her ýylda geçirýän duşuşygynyň çäklerinde iki ugur boýunça ýeňiş gazandy.
«AmCham Awards ─ 2018» ady bilen üç ýyl bäri berilip gelinýän baýrak dokuz ugur boýunça gowşuryldy. Olar: «Innowasiýalarda we tehnologiýalarda ýetilen sepgit üçin», «Ýylyň ýeňşi», «Jemgyýetiň bähbidine iş», «Ýylyň hyzmatdaşy», «Ýylyň ýolbaşçysy», «Ýylyň iň gowy iş berijisi», «Müşderini ugrukdyrmak işewürliginiň öňbaşçysy», «Ýaşyl öňbaşçy», «Ýylyň iň gowy selfisi».
«Baý Tuşum» banky «Ýaşyl öňbaşçy» ugry boýunça öňe saýlandy. Ol bu baýraga sözüň doly manysynda mynasypdygyny ýylyň dowamynda subut etdi. Şeýle hem «Baý Tuşumyň» başlygy Maksatbek Işenbaýew «Ýylyň ýolbaşçysy» diýlip, atlandyryldy.

Materiýaly «www.24.kg» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.