Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Gazagystanyň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň missiýasy geçirildi. Daşkentde abraýly wekiliýetiň saparynyň guramaçysy bolup, Gazagystanyň Daşary söwda palatasy, Telekeçileriň «Atameken» milli palatasy, şeýle hem Respublikanyň Söwda we integrasiýa ministrligi çykyş etdi. Özbegistan Respubliksasynyň Söwda-senagat palatasy kabul edýän tarap hökmünde çykyş etdi.
Gazagystanyň wekiliýetine gurluşyk, azyk önümçiligi we maşyngurluşyk ulgamynda iş alyp barýan 23 sany kompaniýa wekilçilik etdi.
Gazgystanyň işjeň toparlarynyň wekilleri özbek hyzmatdaşlary we güýçli alyjylary bilen göni aragatnaşygy ýola goýmakçy. Missiýanyň çäginde ikitaraplaýyn aragatnaşygy giňeltmek we täze şertnamalary baglanyşmak maksady bilen, «B2B» görnüşli duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Materiýaly «www.popmech.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Duşenbede Täjik-britan söwda palatasy döredildi diýip, «www.tj.sputniknews.ru» habar berýär.
Habarlarda bu söwda palatasynyň ýurtlaryň arasynda işewürligiň, söwdanyň we maýanyň goýumynyň ösdürilmeginiň üstünde işlejekdigi nygtalýar. Bu ýagdaýlar serhede ýakyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly amala aşyrylar. Taraplar söwda aragatnaşygynyň ösdüriljekdigine ynam bildirýärler.
«Biz ikitaraplaýyn aragatnaşygyň we dostlugyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen, bazara çykmakda, logistikada, hukuk seljermelerinde, şeýle hem ýöriteleşdirilen hyzmatlarda goldaw ederis» diýip, habarlarda aýdylýar.
Täjigistan we Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ylalaşdylar.
Şeýle hem iki tarapyň wekilleri täjik-biritan hyzmatdaşlygynyň geljegini birnäçe gezek ara alyp maslahatlaşdylar we ykdysadyýet, bilim, medeniýet we howpsuzlyk ugurlarynda özara gatnaşyklar hakynda ylalaşyga geldiler.

Materiýaly «www.tj.sputniknews.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Amerikanyň Söwda palatasy Kazanda wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine garaýar diýip, «Iswestiýa» gazeti assosasiýanyň Russiýadaky prezidenti Aleksis Rodzýankonyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
«Bu sebit biziň kompaniýalarymyzy gyzyklandyrýar. Kazanda-da söwda wekilhanasyny açmak ýerlikli bolardy, biz bu meseleler boýunça işleri alyp barýarys. Wekilhananyň haçan dörediljegi hakda heniz aýtmakdan ir, ýöne biz onuň üstünde işleýäris» diýip, bu neşir Rodzýankonyň sözlerini getirýär.

Materiýaly «www.interfax.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Fin-Russiýa söwda palatasynyň dolandyryş edarasynyň başlygy Esko Ahonyň ýerini şol bir wagtyň özünde «East Office Finnish Industries Oy» Russiýadaky fin senagatynyň wekilhanasynyň baş direktory Ilkka Salonen eýelär.
Fin-Russiýa söwda palatasynyň baş direktory Ýaana Rekolaýneniň aýtmagyna görä, Salonen «East Office», palatanyň müşderileri hasaplanýan 25 sany agza-paýdarlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şu ýylyň maý aýynyň başynda 700 kompaniýadan ybarat bolan Fin-Russiýa söwda palatasy «Fin nou-hausyny Russiýanyň mümkinçilikleri bilen birleşdirmek» atly täze strategiýasyny giňeltmäge girişdi. Häzirki wagtda bu palata işewürlik maksady bilen, Russiýanyň dürli sebitlerine işjeň aýlanýar. Özüniň mümkinçiliklerini we tejribesini hödürleýär, şeýle-de gepleşikleri geçirýär.

Materiýaly «www.fontanka.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Tallinde Estoniýa bilen Ukrainanyň işjeň aragatnaşygyny ösdürmek maksady bilen, ukraýin-eston söwda palatasy açyldy. Bu barada «Европейская правда» habar berýär.
Söwda palatasynyň edara düzümine «Ильяшев и Партнеры» hukuk firmasynyň Tallindäki edarasynyň ýolbaşçysy Witaliý Galiskih we Estoniýadaky «Elme Messer» kompaniýasynyň maliýe direktory Aleksandr Timarow girýär.
Palata Estoniýadaky ukrain telekeçileriniň bäsdeşlige ykyplylygyny goldamak we eston telekeçileriniň ukrain bazaryna çykmak mümkinçilikleri bilen meşgullanar. Şeýle hem iki ýurduň işewürliginiň ösmegi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin esasy meýdança öwrüler.
Ukraina Ýewropada Estoniýanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Umumylykda ukrain wekilleri daşary ýurt telekeçileriniň arasynda birinji orny eýeläp, Estoniýada eýýäm 729 sany kärhanany esaslandyrdylar.

Materialy «www.eurointegration.com.ua» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalis.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!