HORMATLY HALKARA SERGISINE WE YLMY MASLAHATYNA GATNAŞYJYLAR!
Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda bu pudaga maýa goýum serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Möhüm ähmiýetli bu pudagy ösdürmek arkaly ýurdumyzyň senagatyny kämilleşdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertler döredilýär.

29.08.2019. Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Bu çäre ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny, geljegi uly taslamalary görkezmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň wekilleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

HORMATLY SERGÄ WE MASLAHATA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!
Sizi «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň köpugurly halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly binýadyny emele getirmek maksady bilen, gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Olaryň hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulýan ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, iri önümçilik we durmuş maksatly kärhanalar, şeýle hem gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi, welaýatlardaky täze obalar we şäherçeler hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýdyň şaýatlyk edýär.

14.08.2019. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýaalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdeleinde uly oňyn seslenme döretdi.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleri giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär.
Täzelikler neşirleri forumyň wekilçilikli derejesini nygtap, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we “Hazar bäşliginiň” hökümetleriniň baştutanlarynyň - Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gatnaşandygyny habar berýärler.
Şeýle hem bu çärelere Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar. RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisiniň hormatly myhmany boldy.

13.08.2019. Hormatly Prezidentimiziň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülýär. Düýpli gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslarynyň düýbüni tutýar.
Ine, bu gezek hem ýurdumyz döwletleriň köpüsi üçin örän wajyp we derwaýys meseleler boýunça uly wekilçilikli forumy guramak hem-de geçirmek wezipesini öz üstüne aldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, geljek üçin garaýyşlaryň — Hazar sebitiniň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň seljerilmegini talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine indi baha berler. Awgust aýynyň şu günlerinde Awazada geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar, gazanylan ylalaşyklar olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda giň gerime eýe bolar. Ýöne, häzirden forumyň taryhy waka bolandygyny ikirjiňlenmän tassyklamak bolar. Munuň özi diňe bir Hazar deňziniň sebitinde ýerleşýän bäş ýurda degişli däldir.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!