Täjigistan 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda 21-nji apreline çenli Dubaýda dowam etjek EKSPO-2020 sergisine gatnaşar diýlip,täjikleriň «ASIA-Plus» habarlar agentliginiň ýaýradan habarynda aýdylýar.
Täjigistanyň bu çärä gatnaşmagy baradaky kararyň Hökümet mejlisinde kabul edilendigini Täjigistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Hökümetiň Karary bilen Täjigistanyň «EKSPO-2020» sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredilip, oňa ýolbaşçylyk etmek ýurduň birinji wise-premýerine ynanyldy.
«EKSPO-2020»-niň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçiriljek Dubaýdaky sergä 200-den gowrak döwletiň we edara-kärhananyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Täjigistanyň ozal ençeme gezek halkara sergilerine gatnaşandygyny aýtmak gerek. Bu döwlet «EKSPO-67» (Monreal, Kanada), «EKSPO-70» (Osaka, Ýaponiýa), «EKSPO-2000» (Gannower, GFR), «EKSPO-2005» (Aýçi, Ýaponiýa) halkara sergilerine, «EKSPO-2010» (Şanhaý, HHR) bütindünýä köpugurly sergisine, «EKSPO-2015» (Milan, Italiýa), «EKSPO-2012» (Ýosu, Koreýa Respublikasy) bütindünýä sergilerine, «EKSPO-2017» (Astana, Gazagystan) halkara ýöriteleşdirilen sergä gatnaşypdyr.
Gepiň gerdişine görä aýtsak, Täjigistan Dubaýda «EKSPO-2020» sergisi mynasybetli bahasy 7 milliard dollara barabar bolan kiçi şäherçe gurmagy meýilleşdirýär. Bu babatdaky ähli işleri 2019-njy ýylyň oktýabryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Dubaý şäheriniň häkimiýetleri bu çärä 25 million töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşýarlar. Olaryň 75 göterimini daşary ýurtlylar düzer.

Täjigistanyň «www.avesta.tj» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

20.07.2018. Şu gün türkmen paýtagtynda «Saglyk - 2018» atly halkara sergi işe başlady, onuň çäklerinde ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça mejlis geçirilýär. Däp boýunça lukmançylyk forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Saglyk — 2018» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, milli Liderimiz Gutlagynda bu forumyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny wagyz etmekde, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde hem-de tejribe alyşmakda ähmiýetini nygtady.»Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Häzirki döwürde ata Watanymyz goraglylyk babatda ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň bu ugurdaky tagallalarymyz her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir»diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

HORMATLY HALKARA SERGÄ WE YLMY MASLAHATA GAT-NAŞYJYLAR!
GADYRLY DOSTLAR, EZIZ MYHMANLAR!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan «Saglyk — 2018» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolu-nyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda ajaýyp hünär baýramy bolan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myh-manlarymyz bilen dabaraly garşylamak möhüm wakadyr. Halkara sergä we yl-my maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar, eziz dostlar, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabada hoş geldi-ňiz! Şanly baýrama bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň sizde şatlykly duýgulary, tolgundyryjy täsirleri, unudylmajak pursat-lary galdyrmagyny arzuw edýärin!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Häzirki döwürde ata Watanymyz goraglylyk babat-da ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň bu ugurdaky tagallalarymyz her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriniň amala aşyryl-magyna gönükdirilendir.

26.06.2018. Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Söwda we hyzmat—2018” atly sergi-ýarmarka açyldy. Ol ýurdumyzda haryt bolçulygyny yzygiderli artdyrmak we hyzmatlar ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de bu ulgamlaryň geljekki ösüşini görkezmelidir.
Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aşgabatlylaryň köpsanlysy hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berendigi hem-de munuň içerki söwdanyň ýokary depginler bilen ösüşinde öz beýanyny tapandygy nygtalýar.
Milli Liderimiz bu serginiň söwda ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirip, oňa gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Gözden geçirilişe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalarynyň hem-de düzümleriniň elliden gowragy gatnaşdy.

Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!

Sizi «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda guralýan bu sergi-ýarmarkanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki döwürdäki durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynda, ýokary we innowasion tehnologiýalara esaslanýan ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze usullaryny we görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Munuň özi içerki söwdanyň ýokary depginler bilen ösüşinde hem öz beýanyny tapdy. Telekeçilik işjeňligi ýokarlandy, işewürligi guramagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!