2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Buharest şäheriniň «ARÇUB» medeniýet merkezinde «Ilçihanalaryň Festiwaly» atly ýyllyk halkara çäresiniň resmi açylyşy geçirildi. Çäräniň işine Rumyniýada akkreditirlenen 70 sany diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň wekilleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, medeni rumyn jemgyýetçiligi we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdy.
«ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasy, UNESCO-nyň Rumyniýadaky wekilhanasy we Rumyniýanyň Daşary işler ministrligi çäräniň gurnaýjylary boldy.
Festiwalyň resmi açylyşynda gutlag sözleri bilen Rumyniýanyň strategiki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek işleri boýunça wise-premýeri hanym Ana Birçal, Rumyniýanyň UNESCO-nyň işleri boýunça milli toparynyň başlygy hanym Iris Konstantin we «ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasynyň wekili çykyş etdiler.
Beýleki Ilçihanalar bilen bir hatarda festiwala Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna we “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň yglan edilmegine bagyşlanan sergisi bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň sergi diwarlyklarynda milli el halylary, lybaslary we saz gurallary, amaly-haşam sungatynyň işleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri, şeýle hem Türkmenistan baradaky beýleki neşirler görkezildi.
Bu festiwal Buharest şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Festiwala şu ýyl 50 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi öz işini 9-njy sentýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

31.08.2018. HHR-yň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň dolandyryş merkezi Urumçi şäherinde «Hytaý – Ýewraziýa 2018» EKSPO altynjy sergisi açyldy. «Söwda Ýüpek ýoluny dikeltmek taslamasynda özara ara alyp maslahatlaşmak, bilelikdäki ösüş we köpçülikleýin gatnaşmak» - 2-nji sentýabra çenli dowam etjek şu ýylky serginiň şygarydyr.

Onuň açylyş dabarasynda HKP-nyň MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Hu Çunhua çykyş etdi, ol Hytaýyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar bilen işewür hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi. Ol gözden geçirilişe gatnaşyjylary söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemäge çagyrdy.

Urumçiniň Milli sergi merkezinde geçýän bu çärä Hytaýyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň 700-si gatnaşýar. Ykdysady foruma gatnaşýanlaryň arasynda ýurtlaryň 35-sinden ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem telekeçilik toparlarynyň wekilleri bar. Daşary ýurt döwletleriniň pawilýonlarynda olaryň söwda we hyzmatlar pudaklarynda ýeten derejeleri hem-de mümkinçilikleri görkezilýär, Hytaýyň sergi bölümleri ýurduň senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

«Ahalsyýahat», «Aşgabatsyýahat», «Daşoguzsyýahat», «Aýan», «Atlas» we beýleki syýahatçylyk kompaniýalarynyň dokusyzy Türkmenistana wekilçilik edýärler. Türkmen pawilýonyna gelýänlere geljekkki «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi bilen tanyşdyrýan wideoşekillere syn etmäge mümkinçilik döredildi.

28.08.2018. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2018» hal-kara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Halkara forumy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezi-denti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Forum Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni bilen bilelikde gurnaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen welaýatlarda we paýtagtymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri möçberli gurluşyk iş-leri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny okgunly ösdürmegiň möhüm şertidir. Gurluşyk işleriniň möçberiniň yzygiderli ösdürilmegi bu pudagyň gurluşyk serişdeleri bilen bökdenç-siz üpjün edilmegini talap edýär. Bu işler gurluşyk serişdelerini öndürýän täze kärhanalary gurmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, önümçi-lige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýar. Öndürilýän ýokary hilli önümler gurluşyk we senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Şu gezekki sergi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň okgunly ösüşiniň özboluşly görkezijisi bolup durýar. Halkara forumyň esasy maksady we wezipesi gurluşyk pudagynyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini we döwrebap tehnologiýalary, taslamalary hem-de gurluşyk pudagynyň harytlaryny görkezmekden, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek-den, innowasiýa işlerini ösdürmekden, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekden, nowasi-ýa häsiýetli gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribeleri we maglumatlary alyşmakdan, haryt öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň taryhynda uly yz galdyrjak waka bolan bu halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

Mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz Watanymyz ähli ugurlarda dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Şol ösüşleri bolsa gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýetiljek sepgitleri hasaba almazdan, göz öňüne getirmek mümkin däldir.

Berkarar döwletimizde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň möçberiniň yzygiderli artmagy bu pudagyň ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün edilmegini talap edýär.

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-özbek işewür forumy geçirildi.
Bu foruma döwlet gurluşynyň wekilleri, senagatçylar we işewürler, Lebap welaýatynyň we Buhara welaýatynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar welaýatlaryň arasynda öndürijilikli gatnaşyklar alyp barmaga uly mümkinçilikler bar diýip bellediler.
Işewür forumyň barşynda oňa gatnaşyjylara iki ýurduň söwda-senagat ulgamyndaky ösüşleri bilen tanyşdyrýan wideo şekilleri görkezildi.
Forumyň meýilnamasyna laýyklykda, iki ýurduň serhetýaka sebitlerinde senagatçylaryň we hususy telekiçileriň öndürýän önümleriniň sergisi hem girdi. Duşuşyk medeniýet işgärleriniň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!