13.04.2019. Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny–öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady.
Her ýyl geçirilýän serginiň çäklerinde Watanymyzy has-da ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, bazar gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän giň gerimli işleriň üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.
Aşgabat sergi-ýarmarkasynda görkezilen diwarlyklar halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy bolup durýan durmuş-ykdysady taýdan ösüşde Watanymyzyň ajaýyp gazananlaryny aýdyň şöhlelendirdi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda türkmen ykdysadyýetinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

2020-nji ýylda Dubaýda (BAE) geçiriljek EKSPO Bütindünýä sergisi, munuň özi industriýalizasiýanyň nyşany hökmünde we tehniki-tehnologiki üstünlikleri açyp görkezmekde açyk meýdançadyr. EKSPO-2020 Ýakyn Gündogarda geçiriljek ilkinji Bütindünýä sergisi bolar. Sergi meýdanynyň ägi Dubaý bilen Abu-Dabiniň aralygynda 438 gektar ýeri eýelär. Ol 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli dowam eder. Ol ýerde milli pawilýonlaryň 190 sanysy hödürleniler.

16.03.2019. Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa pudaklarynda, dokma senagatynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda işleýän öňdebaryjy bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerini görkezýän hem-de diňe ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge dostlukly ýurduň ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Häzirki maslahat giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň özara ymtylmalarynyň subutnamasydyr.

16.03.2019. Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.
Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu birleşmäniň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi barha ösdürilýär diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belledi.
Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňünde myhmanlary TSTB-niň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň we beýlekileriň baş binalarynyň maketleri bilen bezelen «telekeçiler ýoly» garşy alýar.
Sergi bilen tanyşlyk uly ekrandaky wideoşekiller bilen başlanyp, şolarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy hem-de üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstünlikleri görkezilýär.

2019-njy 6-njy martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «ITB Berlin 2019» atly 53-nji halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Sergä Türkmeniatanyň syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň we ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti gatnaşýar.
«ITB Berlin» sergisiniň gurnaýjysy bolup Germaniýanyň «Deutsche Messe АG» syýahatçylyk-söwda kompaniýasy çykyş edýär we ol sergi 1966-njy ýyldan bäri Berlinde her ýyl geçirilýän syýahatçylygyň dünýä sergisidir. «ITB Berlin 2019» sergisinde syýahatçylyk pudagynyň hemme görnüşleri görkezilendir: halkara syýahatçylyk federasiýalary, milli we sebit syýahatçylyk guramalary, syýahatçylyk we ulag agentlikleri we turoperatorlar, myhmanhanalar we ätiýaçlendiriş guramalary.
Sergä jemi 10 müňe golay kompaniýalar, bir müňe golaý iri sarp edijiler, 180 ýurtdan 110 müň adam gatnaşýar.
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri hem bu sergä işjeň gatnaşýarlar. Olar biziň ýurdumyzyň baý jahankeşdelik kuwwatyny açyp görkezýän milli pawilýonymyzy gurnadylar.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti gyzyklanma bildirýän syýahatçylyk kompaniýalary, turoperatorlary we işewür adamlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýär we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar.
Serginiň birinji gününiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Polşanyň, Germaniýanyň we Seýşel adalarynyň kompaniýalary bilen 3 sany resminama gol çekendigi bellemäge mynasypdyr.
Sergi öz işini 2019-njy ýylyň 10-njy martyna çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!