11-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumy geçirildi, ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Işewürlik duşuşygyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiller, halkara we sebit maliýe guramalarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada çykyş etdiler.

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän giňişleýin mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow söwda toplumynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!