04.05.2017. Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, häzirki döwürde halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça guramaçylyk we hukuk babatda amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, şol maslahatyň çäklerinde awiasiýa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, esasy we kömekçi ulag üpjünçilik ulgamlaryna maýa goýumlaryny çekmek, ulaglar ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işler Türkmenistanyň bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän ulgam bolan ulag we logistika babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag düzüminiň binýadyny pugtalandyrmak we transmilli geçelgeler babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderii we möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň howa derwezesi -Aşgabatda bina edilen täze Halkara howa menzili ulanmaga berildi. Bu döwrebap howa menzili yklym we yklymara howa ýollarynda iri ulag merkezine öwrüler.

02.05.2017. Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçirýän nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny özleşdiren onlarça kärhanalar netijeli işleýärler. 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel we oňa degişli önümleriň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen hem-de içerki bazarda mynasyp bäsdeşlik edýän 18 hususy kärhanany özünde jemleýän mebel önümçiligi toplumy kemala geldi. Täze toplumyň döredilmegi ýurdumyzyň mebel öndürijileriniň işini höweslendirmäge we olaryň eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Telekeçiler mebel önümçiligi üçin serişdeleri ulanmakda täze çözgütleri yzygiderli gözleýärler. “Şahym-Şa” hojalyk jemgyýetiniň bölüminde polipropilenden we metal gurnamalaryndan öndürilen turbalar, profiller, oturgyçlaryň, kreslolaryň, stollaryň we çişlik bişirilýänleriň bezegli gurnama önümleri görkezilýär.

27.04.2017. Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Her ýyl geçirilýän pudak forumyna dünýäniň 30 döwletinden onlarça kompaniýany bir ýere jemledi.
Foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Sergi-ýarmarka gatnaşýanlaryň hatarynda atçylyk däpleri bilen şöhratlanýan Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Russiýa, Çehiýa, Ispaniýa, BAE, Argentina, Urugwaý, Italiýa, Ispaniýa ýaly döwletleriň bardygyny aýtmalydyrys. Atçylyk syýahaty we sporty Hytaýda, Daniýada, Awsriýada, Polşada, Latwiýada, Mongoliýada işjeň ösdürilýär. Olaryň arasynda Türkmenistan mynasyp orun eýeleýär. Sebäbi biziň ýurdumyz, şol sanda ahalteke atlarymyz häzirki wagtda dünýäniň atçylyk bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmegiň ugurlaryny salgy berýän, taryhy we häzirki zaman tejribeleri görkezýän hem-de halkara ylmy, işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine bagyşalanan diwarlyklara uly orun berildi.
Esasanam türkmen pawilýonlary we olaryň milli äheňdäki bezegleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ajaýyp haly we el işleri, çeper senetçilik, türkmen suratkeşleriniň bedewleriň durmuşymyzdaky ornuny açýan eserleri we heýkeltaraşlyk işleri has özüneçejiki boldy.
Sergi meýdançasyndaky diwarlyklaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewlere bagyşlanan kitaplaryna mynasyp orun berildi. Olar sergä baranlarda uly gyzyklanma döretdi.

Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen halkynyň ajaýyp halysy, şaý-sepleri ýaly ýelden ýüwrük bedew aty hem milli baýlyklarynyň biridir. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.
Azianyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge ýardam berýän buýsançly wakalardyr.
Şeýle hem, ýurdumyzda şu ýyl Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi atly sporty ösdürmäge uly üns berilýändine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan 4-5-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýär.

Daşary ýurtlaryň dürli ulag-logistika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, döwlet düzümleriniň wekilleri, maýadarlar maslahata gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Maslahatyň gün tertibine girizilen wajyp meseleleriň hatarynda milli ykdysadyýetde ulag ulgamynyň we logistikanyň orny, logistika ulgamynyň geljegi, aragatnaşyk düzümleriniň, demir ýol pudagynyň, deňiz we derýa ulaglarynyň ösüşiniň geljegine degişli we beýleki meseleler bar.

Türkmenistan ulag ulgamynda, şol sanda BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň ýörelgäni eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli geçelgeleri döretmek boýunça iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!