21.05.2019. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.
Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny TGС — 2019-yň häzirki ýubileý forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy geldiler. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Ir bilen kaşaň «Berkarar» myhmanhanasynda forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy.
Sergä türkmen alymlary we bilermenleri, talyplar, şeýle hem GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreli aralygynda geçiriljek Bütindünýä «EKSPO 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak, enjamlaşdyrmak, bezemek we dolandyrmak hem-de sergi tamamlanandan soňra söküp aýyrmak bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetirmek barada «Tekmil» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

www.tdh.gov.tm

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergisine gelenler eserler bilen tanyşlygy Arslan Muhadowyň “Kakamyň portreti. 1943-nji ýylyň tomsy” suratyndan başlaýarlar. Nazaryň biygtyýar maglumatlar ýazgysynda eglenýär: nakgaş 1951-nji ýylda doglupdyr – diýmek, kakasy uruşdan sag-aman dolanyp gelipdir, surat pederi urşa gitmezden öň alnan surat boýunça 1985-njy ýylda çekilipdir. Onda harby lybasly ýaş ýigidiň nurana keşbi şekillendirilipdir. Suratyň ýerine düşen reňkleri onuň ýordumyna dartgynlyk berip, ünsüňi gahrymanyň parahat we Ýeşňe ynamly garaýşyna çekýär.
Toýmämmet Esenmämmedowyň “Frontdan gelen hatlar” suratynda esgerleriň söwer ýarlarydyr enelerine poçtalýon frontdan gelen hatlary, käbirine ýakymsyz habary okap berýär. Zenan keşpleriniň ulaldylan şekilde çekilmegi eneleriň we esgerleriň yzynda galan söwer ýarlarynyň çekýän hasraty arkaly uruş ýyllarynyň elhençliklerini beýan edýär...

2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini özünde jemlär.
Bu çärä «Exxon Mobil», «Shell», «Gazprom», «Petronas», «CNPC», «Hyundai», «Kawasaki», «NAPECO», «Vitol», «Dragon Oil», «ENI», «Buried Hill», «LG», «Gaffney, Cline & Associates» we beýlekiler ýaly dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän meşhur iri kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýangyç-energetika ulgamynda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen bolmak bilen, bu forum tejribe alyşmagyň, şeýle hem dünýäniň iri maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meýdançasyna öwrüler.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!