Kairde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge alnan ugruň jähtinden Müsür Arap Respublikasy bilen ýakyn we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
Bu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň işine iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň işjeň guraly hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Aşgabatda 6-7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahata taýýarlyk görülýär.
Türkmenistan bilen ynsanperwer-medeni ulgamda ýöriteleşen bu abraýly guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de «Görogly» şadessany girizildi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de «Bathyz» döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO-2020» atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar «EKSPO-2020» halkara sergisiniň taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdikleri barada birek biregi ynandyrdylar we sergä üstünlikli gatnaşmak üçin öňde duran anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün, halkara derejesindäki duşuşyga gatnaşyjylar üçin «EKSPO-2020» halkara sergisiniň geçiriljek ýerine tanyşdyryş sapary gurnaldy.
Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde ilkinji gezek Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» sergisi 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň aprel aýy aralygynda dowam eder hem-de oňa 6 aýyň dowamynda 25 milliondan gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. «Pikirleri birleşdirmek, gelejegi döretmek» şygary astynda geçiriljek bu halkara sergä 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

www.mfa.gov.tm

21.11.2018. Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň şu günki gün tertibinde gazhimiýa pudagynyň möhüm ugurlaryna we ösüş çaklamalaryna, bu önümiň halkara bazarynyň ösdürilmegine bagyşlanan mejlis boldy. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, dünýäniň energetika deňeçerliginde ekologiýa taýdan arassa serişde hasaplanýan tebigy gaza berilýän ähmiýet has-da artdy. XXI asyrda dünýä ykdysadyýetinde we energetika ulgamynda tebigy gazyň we gazhimiýa senagatynyň geçen asyrda nebitiň we nebithimiýanyň ähmiýeti ýaly ornuň degişli boljakdygy gürrüňsizdir.

20.11.2018. Paýtagtymyzda «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» (OGT-2018) atly XXIII halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
Dünýäniň işewürlik senenamasynda mäkäm orun alan OGT-2018 forumy uly abraýa eýe boldy. Oňa gatnaşýan daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilçilikli düzümi ýokary islegli önümleriň eksportuny ösdürmek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistana gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, aýratyn-da, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýe bolan wagtynda ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Sebitde iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary hem-de bilermenleri, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, milli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.
Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty bu çärä uly gyzyklanma döretdi. Munuň şeýle bolmagy ýurdumyzyň açyk energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlary bilen hem şertlendirilendir. Bu başlangyçlar ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!