14.11.2019. Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşda geçirilýän, bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge, täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga, şol sanda mekdep ýaşyna çenli, orta we ýokary bilim edaralaryna ornaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatyň netijeliligini görkezmelidir.
Onuň işine Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Singapurdan, Latiwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar.
Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanyp, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda bilim hem-de sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalarymyzy hem-de bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralaryny hem-de iri sport toplumlaryny gurmak, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan nesli terbiýelemek, şeýle hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda uly tejribe toplandy.

2019-njy ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar.
5-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide HHR-yň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa hormatly myhman hökmünde sergä gatnaşdy.
Bu çärä dünýäniň dürli sebitlerinden we 155 ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de 26 halkara gurama we 3890-dan gowrak kompaniýalar gatnaşdy. Olar 64-den gowrak ýurduň ösüş sepgitlerini we üýtgeşik önümlerini görkezýän söwda-maliýe goýum pawilýonlara aýlanyp gördüler. Gatnaşyjylaryň 24-si sergi meýdançasyna ilkinji gezek çykyş edýärler.
Türkmenistanyň adyndan sergide, milli pawilýonymyza önümlerini çykaryp, ministrliklerden we edaralardan, hususan-da, söwda, senagat we kommunikasiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryndan, döwlet haryt-çig mal biržasyndan, logistika we himiýa senagaty pudagyndan ybarat wekiliýet çykyş etdi..
Serginiň dowamynda umumy meýdany 136 kw.m. bolan özboluşly, döwrebap stilde gurnalan Türkmenistanyň milli pawilýonyna köpsanly myhman gatnaşyp, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maliýe goýum we taryhy-medeni kuwwaty bilen tanyşdylar.
Serginiň çäklerinde milli sergä önümini çykaran Türkmenistanly telekeçiler üçin geljekde hyzmatdaş bolup biljek hytaý kärdeşleri bilen duşuşyklar, prezentasiýalar, maslahatlaşmalar gurnaldy. Bu bolsa iki ýurduň bazarynyň tendensiýalary we talaplary baradaky giň düşünjäni almaga ýardam berdi, şeýle-de işewürlik gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça mümkinçilikler açdy.
Şanhaýdaky Import önümleriniň ikinji Hytaý halkara sergisi öz işini 11-nji noýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň möhümligi barada pikir alyşdylar.
Hususan-da, Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020”-de gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň geljekde berkemegine goşant goşman, eýsem dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy we türkmen halkynyň baý medeniýetini görkezjekdigi barada bellediler.
“EKSPO-2020” halkara sergisini Dubaýda geçirmek çözgüdiniň 2013-nji ýylda Sergileriň Halkara býurosynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edilendigini bellemek zerurdyr.

www.mfa.gov.tm

05.11.2019. Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.
Ýöriteleşdirilen forum geçirilýän ýyllarynda milli we dünýäniň kitap neşir etmek hem-de çaphana sungatynyň gazananlaryny görkezmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Ol türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzüne ýaýmaga, döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzyň kitap-neşirýat ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda möhüm ugurlar we esasy meýiller bilen tanyşdyrmaga, döwrebap tehnologiýalary ilerletmäge hem-de öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!