2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Garaşsyzlygyň 28 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýokary derejeli daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Sergi diwarlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykysady üstünliklerine, düýpli özgertmelere, iri taslamalara, belent sepgitlere bagyşlanan. Sergide ýokary tehnologiýa enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we bezeg materiallary, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagaty pudagynda ýetilen sepgitler, ekologiýa meselelerini çözmekdäki, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, medeni we işgärler goruny ösdürmekdäki üstünlikler bilen tanyşdyryldy.
Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 24-nji sentýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm