2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumy geçirilýär. Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Eýranyň milli ekspozisiýalary ýaýbaňlandyryljak Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi guralar.
Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň hemaýat bermeginde esaslandyrylan Russiýanyň eksport merkezi Russiýanyň eksportçylaryna olaryň ýokary tehnologiýaly we innowasiýa önümlerini daşarky bazara goýbermek maksady bilen, köptaraplaýyn maliýe däl kömegini edýär. Häzirki wagtda Russiýanyň eksport merkezi bu sergilere gatnaşmak üçin umumy birleşdirilen «MADE IN RUSSIA» brendli ekspozisiýany taýýarlamak işi bilen meşgullanýar.
Russiýanyň ekspozisiýasy 11 sany kärhanany özüne birleşdirýär:
─ Iwanowadan «Testsistema» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti ýykyjy barlag usuly üçin synag tehnikalaryny hödürlär;
─ «НПО» «ЗВЕЗДА» Iwanowa mehaniki zawody täze görnüşli gurluşyk materiýallarynyň önümçiligine niýetlenen enjamlary bilen tanyşdyrar;
─ Tolýattiden awto ulag we 4 sany (LADA, Renault, Nissan, Datsun) brendler üçin ulag böleklerini öndürýän «АвтоВАЗ» Paýdarlar jemgyýeti öz awto ulaglaryny getirer;
─ Nižegorod oblastyndan ýük we ýörite transportlary öndürýän «Горьковский автомобильный завод» özüniň transport serişdelerini hödürlär;
─ Moskwa oblastyndan «СИБЕКО системы пассивной безопасности» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti dürli görnüşli ulaglara niýetlenen oturgyçlary we bölekleri hödürlär;
─ Moskwadan «Группа «СВЭЛ» Paýdarlar jemgyýeti özüniň elektro-tehniki enjamlary bilen tanyşdyrar;
─ Gaplaýjy materiýallaryň önümçiligi bilen meşgullanýan Çelýabinsk oblastynyň Kopeýsk şäherinden «ПТК «Союз-Полимер» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti özleriniň önümlerini hödürlär;
─Perm nebit maşyngurluşyk kompaniýasy nebit we gaz senagaty hem-de burawlama we guýulary abatlamak üçin niýetlenen enjamlary bilen tanyşdyrar;
─ Ižewskiden «Финко» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti wideo şekiller arkaly gözegçilik etmäge we ýokardan surata düşürmäge niýetlenen «Supercam» nyşanly uçarmansyz uşujy enjamlaryny hödürlär;
─ Kimry şäherinden «Рич Кемикл» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti ýol-gurluşyk materiýallaryny teklip eder;
─ Don boýundaky Postowdan «ТД «ВЭЛАН» Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti partlamakdan goraýjy enjamlaryny hödürlär;
Sizi Russiýanyň önüm öndürijileriniň innowasiýa çözgütleri we işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak üçin «B» blokdaky 1-nji pawilýonda ýerleşdiriljek Russiýanyň ekspozisiýasyna çagyrýarys.

(Rus dilinden terjime eden Miwe NABATOWA)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!