Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergisine gelenler eserler bilen tanyşlygy Arslan Muhadowyň “Kakamyň portreti. 1943-nji ýylyň tomsy” suratyndan başlaýarlar. Nazaryň biygtyýar maglumatlar ýazgysynda eglenýär: nakgaş 1951-nji ýylda doglupdyr – diýmek, kakasy uruşdan sag-aman dolanyp gelipdir, surat pederi urşa gitmezden öň alnan surat boýunça 1985-njy ýylda çekilipdir. Onda harby lybasly ýaş ýigidiň nurana keşbi şekillendirilipdir. Suratyň ýerine düşen reňkleri onuň ýordumyna dartgynlyk berip, ünsüňi gahrymanyň parahat we Ýeşňe ynamly garaýşyna çekýär.
Toýmämmet Esenmämmedowyň “Frontdan gelen hatlar” suratynda esgerleriň söwer ýarlarydyr enelerine poçtalýon frontdan gelen hatlary, käbirine ýakymsyz habary okap berýär. Zenan keşpleriniň ulaldylan şekilde çekilmegi eneleriň we esgerleriň yzynda galan söwer ýarlarynyň çekýän hasraty arkaly uruş ýyllarynyň elhençliklerini beýan edýär...
Daňatar Çaryýewiň “Uruş ýyllary” suratynyň gahrymany poçtalýon wepat bolan esgeriň maşgalasyna ýakymsyz habary nädip ýetirjegini bilmän alada galýar, zenanlar bolsa ony duýup, gaýgy-hasrata berlip, doňňara daşa dönüpdirler.
Tematiki sergä gelenler Dawid Ardşaýansyň “Durnalar” suratynyň ýanynda köp eglenýärler. Gruntlanmadyk matada çotganyň keserli yzlaryny böwsüp, ejirdir gözýaşlary aňladýan reňk yzlarynyň arasyndan üç zenanyň keşbi we olaryň depesinden uçup barýan durnalar göze ilýär. Dogrusy, bir zenanyň dürli ýaşdaky: bir görseň ýaşajyk magşuk gyzyň, adamsyny urşa ugradan gözüniň nury öçen ýaş gelniň, hemem ... dul galan, bagryny hasrat paralasa-da, ruhuny belent tutýan ýaşy durugşan aýalyň keşbi şekillendirilipdir.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Gulnazar Begmyradowyň “Eje, biz Ýeňiş bilen gaýdyp geldik!” atly ajaýyp suratynda urşa giden ogullarynyň öýüne tarap gelýändigini gören ene, misli guşuň ganat gerşi deý, gollaryny ýaýyp, olary bagryna basmaga howlugýar. Zeminde şondan bagtyýar adam ýok onsoň!
Onuň döşi orden-medally ogullary, hamala, generalyň öňünde duran ýaly,: “Eje, biz Ýeňiş bile gaýdyp geldik!” diýip enä hasabat berýärler. Mundan belent bagt bormy?!
Amaly-haşam sungaty eserlerinden türkmen dony şekilinde çekilen üýtgeşik gap ünsüňi özüne çekýär, onuň surat ýordumy hasratly uruş ýyllaryndan habar berip, parahatçylyk döwrüniň bagtyýarlygyny beýan edýär. “Baky şöhrat!” atly bu üýtgeşik eseriň awtory – Maral Ataýewadyr.

www.turkmenistan.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!