2019-njy 6-njy martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «ITB Berlin 2019» atly 53-nji halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Sergä Türkmeniatanyň syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň we ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti gatnaşýar.
«ITB Berlin» sergisiniň gurnaýjysy bolup Germaniýanyň «Deutsche Messe АG» syýahatçylyk-söwda kompaniýasy çykyş edýär we ol sergi 1966-njy ýyldan bäri Berlinde her ýyl geçirilýän syýahatçylygyň dünýä sergisidir. «ITB Berlin 2019» sergisinde syýahatçylyk pudagynyň hemme görnüşleri görkezilendir: halkara syýahatçylyk federasiýalary, milli we sebit syýahatçylyk guramalary, syýahatçylyk we ulag agentlikleri we turoperatorlar, myhmanhanalar we ätiýaçlendiriş guramalary.
Sergä jemi 10 müňe golay kompaniýalar, bir müňe golaý iri sarp edijiler, 180 ýurtdan 110 müň adam gatnaşýar.
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri hem bu sergä işjeň gatnaşýarlar. Olar biziň ýurdumyzyň baý jahankeşdelik kuwwatyny açyp görkezýän milli pawilýonymyzy gurnadylar.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti gyzyklanma bildirýän syýahatçylyk kompaniýalary, turoperatorlary we işewür adamlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýär we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar.
Serginiň birinji gününiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Polşanyň, Germaniýanyň we Seýşel adalarynyň kompaniýalary bilen 3 sany resminama gol çekendigi bellemäge mynasypdyr.
Sergi öz işini 2019-njy ýylyň 10-njy martyna çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!