10-njy fewralda Hindistanyň paýtagtynda «Petrotech — 2019» atly halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu iri pudaklaýyn forum Hindistanyň hökümetiniň Nebit we tebigy gaz ministrliginiň resmi taýdan goldamagy bilen Hindistanda nebit we tebigy gaz çykarmak boýunça öňdebaryjy kompaniýa — «ONGC» we Hindi nebit senagaty federasiýasy (FIRI) tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça foruma gatnaşmak üçin Nýu-Deli şäherine ýurdumyzyň wekiliýeti geldi.
«Petrotech — 2019» nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän iri çäre bolup, ol Günorta — Gündogar Aziýanyň nebitgaz işewürligini ösdürmäge gönükdirilendir. «India Expo Centre & Mart» sergiler merkezinde geçirilýän forumyň işine dünýäniň 60-a golaý ýurdundan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Singapurdan, Ýaponiýadan, BAE-den we beýleki ýurtlardan 800-den gowrak kompaniýa wekilçilik edýän adamlaryň 7 müňden gowragy gatnaşýar.
Tebigy serişdeleriň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan üçin «Petrotech» ýaly wekilçilikli foruma gatnaşmak häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki biziň ýurdumyz dünýäniň energetika giňişligine işjeň goşulýar, energiýa serişdeleriniň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berýän köpugurly gazgeçiriji ulgamyny yzygiderli ösdürýär hem-de tebigy gaza uly isleg bildirýän hindi bazaryna çykmaga gyzyklanma bildirýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň taýýarlan ekspozisiýasy bu ýerde dünýä bileleşigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi we gazananlary, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrýar. Ekspozisiýanyň serginiň açylan ilkinji pursatlaryndan başlap, foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolandygyny bellemek gerek. Bu ýerdäki Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Çünki ol ykdysady nukdaýnazardan goňşy döwletler we sebitiň beýleki döwletleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Forumyň geçirilýän ýurdy — hut Hindistanyň serhedinde bu möhüm desganyň gurluşygy tamamlanar, ol durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.
«Innowasiýalar we hyzmatdaşlyk arkaly täze energetika dünýäsi döredilýär» diýen şygar astynda geçýän foruma gatnaşyjylarda golaýda ulanylmaga berlen Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümleri hem uly gyzyklanma döretdi. Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 400 million dollaryndan gowrak bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «LG International Corp», «Hyundai Engineering» kompaniýalary hem-de «TOYO Engineering Corporation» ýapon kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze toplumyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda 5 milliard kub metr möçberdäki tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Bu iri senagat ägirdi her ýylda ýokary hilli polietileniň 386 müň tonnasyny hem-de polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürer.
Forumda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda energiýa serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek, sarp edijilere durnukly we ygtybarly ugratmak boýunça uly işleri amala aşyrdy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Gyýanlydaky täze polimer zawody, Ahal welaýatynda gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamalary hem üns merkezinde boldy.
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän täze taslamalar hem uly gyzyklanma döretdi. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki kauçuk we polistirol öndürýän gazhimiýa toplumy, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki metildietanolamin öndürýän gazhimiýa toplumy hem-de polimer öndürýän gazhimiýa toplumy, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly şäherçesindäki poliwinilaset öndürýän gazhimiýa zawody bar.
«Petrotech — 2019» forumy nebitgaz ulgamyndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly mümkinçilikleri döreder.
Halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işini 12-nji fewralda tamamlar.

www.metbugat.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!