2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-niň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara «DOMOTEX-2019» sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.
Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan «DOMOTEX-2019» sergisiniň guramaçysy «Deutsche Messe АG» sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-de beýleki pol örtükleriniň halkara sergileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýändir.
«CREATE'N'CONNECT» (döret we dünýä birleş) 2019-njy ýylda serginiň baş şygary boldy. Sergide dünýäniň 60-dan gowrak ýurtlaryndan 1 400 golaý guramalar özleriniň önümlerini we bu ugurdaky iň soňky inowasiýalaryny görkezdiler. Sergä dünýäniň 90-dan gowrak ýurtlaryndan 45 000 golaý myhmanlar gatnaşdylar.
Biziň ýurdumyzyň dokma pudagynyň wekilleri hem bu sergä işjeň gatnaşdylar, olar sergide öz pawilýonlary bilen çykyş etdiler we ol ýerde Türkmenistanda öndürilýän haly önümleriniň sergisi guraldy.
Türkmenistanyň pawilýony aýratyn gyzyklanma döredýän ýerleriň biri bolup, üç günüň dowamynda bu ýere serginiň köpsanly myhmanlary geldiler we bu ýerde olar üçin elde dokalan ajaýyp türkmen haly önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we işewürler bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, olaryň barşynda Türkmenistanda öndürilýän haly önümleriniň halkara bazarlaryna çykarylmagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!