Aşgabatda 6-7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahata taýýarlyk görülýär.
Türkmenistan bilen ynsanperwer-medeni ulgamda ýöriteleşen bu abraýly guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de «Görogly» şadessany girizildi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de «Bathyz» döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. ÝUNESKO bilen bilelikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýylyň çäklerinde geçiriljek bu maslahatyň gün tertibi ady rowaýata öwrülen taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda köp taraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň gerimini öz içine alar. Maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat Beýannamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň öň ýanynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň «Ýüpek ýoly» atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji mejlisini we hünärmenleriň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere daşary ýurtlardan köp sanly wekiller gatnaşar. 

Mundan başga-da, ÝUNESKO tarapyndan guralan «Ýaşlaryň gözi bilen Beýik Ýüpek ýoly» atly halkara fotobäsleşigiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi geçiriler. Şonuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň birnäçe ilçihanalarynyň taýýarlan kitaplarynyň we fotosuratlarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär.

Myhmanlar üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Onda Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna baryp görmek bellenilýär, bu ýerde 6-njy dekabrda «Görogly we Agaýunus» eseriniň esasynda sahna oýnunyň görkezilişi bolar hem-de 7-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti berler.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!