20.11.2018. Paýtagtymyzda «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» (OGT-2018) atly XXIII halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
Dünýäniň işewürlik senenamasynda mäkäm orun alan OGT-2018 forumy uly abraýa eýe boldy. Oňa gatnaşýan daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilçilikli düzümi ýokary islegli önümleriň eksportuny ösdürmek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistana gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, aýratyn-da, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýe bolan wagtynda ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Sebitde iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary hem-de bilermenleri, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, milli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.
Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty bu çärä uly gyzyklanma döretdi. Munuň şeýle bolmagy ýurdumyzyň açyk energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlary bilen hem şertlendirilendir. Bu başlangyçlar ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanýar.
Däbe öwrülen Aşgabat forumy geçirilip gelinýän ýyllary içinde dünýä ýüzünde esasy pudaklaýyn çekişmeler meýdançasyna öwrülip, bu ýerde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna, halkara bileleşigiň wekillerine, bilermenlere energetikanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, orta möhletleýin we uzakmöhletleýin geljekde dünýäniň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini çaklamaga mümkinçilik döredildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň hataryna girip, ygtybarly, geljegi uly hyzmatdaşyň abraýyny gazanandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bazary uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi netijesinde, halkara işewür toparlarynyň wekilleri üçin özüne çekiji bolup durýar.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän halkara maslahatyň hem-de serginiň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmekde ähmiýeti uly bolar.
Forumyň barşynda nebitgaz pudagynda hem-de metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda we senagatda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle-de, kärhanalaryň wekilleri diňe öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de işewür gatnaşyklaryň netijeliligini artdyrmaga-da mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz nobatynda, nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we türkmen ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmak depginlerine oňyn täsirini ýetirer.
Sergi merkeziniň zallarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we ugratmak, düýpli burawlamak, deňizde nebitgaz gözlemek hem-de Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur kenar düzümini döretmek, bar bolan turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, nebit hem-de gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlar we önümler giňden görkezilýär.
Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan uly üns berilýän meselelere — energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak babatda ekotäzeliklere aýratyn orun berildi.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda köpden bäri işleýän kompaniýalar, şeýle hem işe täze başlan firmalar bolup, şolaryň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar.
Ýurdumyzyň baý nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlaýan «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň we beýleki birnäçe pudaklaýyn kärhanalaryň diwarlyklary sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Köp sanly bilermenleriň pikirine görä, pudaklaýyn sergi Ýewropadan, Aziýadan hem-de Amerikadan bolan öňdebaryjy önüm öndürijiler üçin nebiti gaýtadan işleýän we nebitgaz enjamlaryny görkezmäge, göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de marketing wezipelerini çözmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. «Türkmenistanyň nebiti we gazy» forumy nebitgaz senagatynyň türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň işewür gatnaşyklary üçin netijeli çäre bolmak bilen, nobatdaky gezek täze taslamalara badalga bermek, dünýä meýilleri hem-de pudagyň ösüşi bilen tanyşmak, şeýle hem işewürligiň üstünlikli ösmegine ýardam edýän marketingiň möhüm guralyna öwrülýär.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda bu meselä degip geçmek bilen, energiýa serişdeleriniň tutuş adamzadyň bähbidine berilmeginiň, olaryň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip nygtandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de maýalary çekmegiň aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä ýüzünde geçirilýän dürli halkara sergilere we maslahatlara gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýdyp, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
OGT-2018 sergisiniň işiniň birinji güni oňa gatnaşyjylar biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdiler, bu ýerde halkara işewürlik höweslendirilip, daşary ýurt maýalary bolsa, kanunçylyk binýady bilen goralýar. Daşary ýurt kompaniýalary türkmen nebitgaz konsernleri hem-de korporasiýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, enjamlary getirmek hem-de hyzmatlary hödürlemek babatda iş alyp barmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy döwürde pudagyň öňünde goýan giň gerimli wezipelerini amala aşyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» sergisi öz işini 22-nji noýabra çenli dowam eder.
Halkara serginiň çäklerinde geçirilýän maslahata şu ýyl ABŞ-dan, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we GDA ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndüriji zawodlaryň, ylmy toparlaryň wekilleri bar.
Wekiliýetleriň köpüsine ýokary wezipeli resmi adamlar ýolbaşçylyk edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlikleri, neşirýat öýleri, internet-portallar forumy giňişleýin beýan edýärler.
Maslahata 500-e golaý wekil gatnaşdy. Şolar halkara we hökümet guramalarynyň 200-den gowragyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň diplomatik wekilhanalaryna wekilçilik etdiler.
Şu gün umumy mejlis geçirildi. Onda halkara, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi, öňümizdäki ýyllar üçin strategiýany işläp taýýarlamak ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy, nebit, gaz we beýleki önümleriň bazarlaryndaky ýagdaýlara, ýangyç serişdelerini ugratmak hem-de marketing strategiýasyna umumy seljerme berildi.
Umumy mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz pudagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasaty energetika howpsuzlygyny gazanmaga, dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmak babatda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde «Türkmennebit» döwlet konserni aýratyn orun eýeleýär. Ol Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iri döwlet konsernleriniň biri bolup durýar. Konsern özüne dürli kärhanalaryň onlarçasyny birleşdirýär hem-de ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny gözlemekden başlap, nebiti we gazy çykarmaga hem-de ugratmaga çenli giň möçberli işleri öz içine alýar.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmek ulgamynda bellenilen wezipeleriň çözülmeginiň türkmen alymlarynyň hem-de daşary ýurtlaryň inženerçilik kompaniýalarynyň, ylmy-önümçilik kärhanalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijileriň, maýa goýum guramalarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydygy aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebitgaz ulgamynda dünýäniň esasy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça teklipleri beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda oňyn şertler, has takygy, amatly maýa goýum ýagdaýy, deňsiz-taýsyz salgyt ýeňillikleri we beýleki şertler döredildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň çig maly çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertlerdir.
Maslahatyň birinji gününde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi boýunça hem mejlis geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu taslama Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmek şertinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly ulgamyny döretmek bu strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň özi hem bu başlangyçlaryň derwaýysdygyna we uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş etmek bilen, bu strategik ulgamda ýola goýlan däp bolan gatnaşyklary saklamak bilen birlikde, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen göni aragatnaşyklaryň çägini ep-esli giňeltdi. Umumy ykrar edilmegine, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanylmagyna görä, türkmen topragynda «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlarynyň bardygy ýurdumyza tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde dünýä bazarlarynda tebigy gaza bildirilýän islegler örän uludyr.
Ertir «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly halkara forumy öz işini dowam eder.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!