23-nji noýabrda Parižde Sergileriň halkara býurosynyň baş assambleýasynyň 164-nji duşuşygynyň jemleri boýunça «EKSPO-2025»-iň geçiriljek şäheriniň saýlawy barada gutarnykly karar kabul ediler. Býuroda bellenilişi ýaly, baş assambleýanyň duşuşygyna çenli BIE-niň (Bureau International des Expositions) wekilleriniň dalaşgär ýurtlara barmagy meýilleşdirilmeýär. «Oktýabryň başynda her bir dalaşgär Parižde BIE-niň wekillerini habarly etmek maksady bilen serginiň temasy boýunça tematiki seminarlary gurady. Azerbaýjan tarapy 4-nji oktýabrda, Ýaponiýa 9-njy oktýabrda, Russiýa bolsa, 25-nji oktýabrda seminarlaryny geçirdi» diýip, BIE-de habar berildi.
«EKSPO-2025» sergisini geçirmek boýunça 3 ýurduň dalaşgärdigini bellemelidiris: Ýaponiýada ─ Osaka, Russiýa Federasiýasynda ─ Ýekaterinburg we Azerbaýjanda ─ Baku. Ähli şäherleriň gözden geçirişleri Sergileriň halkara býurosynda ýokary baha mynasyp boldy.
Halkara bellige alnan sergiler ýaly EKSPO Bütindünýä sergileri hem her bäş ýylda bir gezek geçirilýär. Bu sergileriň temasy biziň döwrümiziň köptaraplaýyn çagyryşyna jogap tapmak wezipesini ýerine ýetirýär. Indiki Bütindünýä sergisi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Dubaýda geçiriler.

Materiýaly «www.trend.az» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!