19.09.2018. Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkme-nistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tara-pyndan Watanymyzyň baş baýramynyň öň ýanynda guralýan nobatdaky ykdysady gözden ge-çiriliş öz ösüşiniň esasy ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aý-dyň subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okgunly ösýän halk hojalyk toplu-my öňdebaryjy dünýäniň we ýurdumyzyň tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Bu gezekki sergi hem bu baş ugry kes-gitledi, onuň işine ykdysadyýetiň döwlet böleginiň düzümleriniň, bilim we medeniýet, sport we sy-ýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileriniň kärhanalary gatnaş-dylar.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diploma-tik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, talyp ýaşlar, köpçü-likleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyn-da halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ösüşi, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli yk-dysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlan-dyrylmagy ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornunyň berkidilmegi döwlet syýasaty-nyň ileri tutulýan ugry diýip bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz — biz häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli özgertmelere, bina edilýän desgalara, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümlere, dürli ulgamlarda hyzmatlaryň ýokary hi-line hem-de köp sanly beýleki üstünliklerimize we gazananlarymyza buýsanýarys — diýip aýt-dy.

Köpugurly sergi häzirki zaman wideotehnika bilen enjamlaşdyrylan giň zallarda ýaýbaňlandyryl-dy. Foruma gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş etdiler, olar Ga-raşsyz Watanymyzy wasp etdiler. Ajaýyp halk mukamlary Sergi merkezinde belentden ýaňla-nyp, bu waka baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Energetika hem-de senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, ulag we aragatnaşyk, dokma önümçiligi we halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojaly-gy, obasenagat toplumy, lukmançylyk, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk, çaphana, tebi-gaty goramak hem-de gök guşak syýasatynyň netijeleri ýaly ähli ulgamlardaky ösüş depginleri wideoroliklerde, önümleriň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — kitaplarda, žurnal-larda öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň, eksport ugurly daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tut-ýan önümçiligiň giňeldilmegi bu gezekki serginiň özenini düzdi. Muňa ýüzden gowrak diwarlyklar aýdyň şaýatlyk edýär, şolar ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň kämilleşdirilmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan taslamalary beýan edýär.

Sergi doly derejede döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň mümkinçiliklerini görkezýär, ol maksatnamalar ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlan-dyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi-ne gönükdirilendir.

Gözden geçirilişde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişde-leri, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologi-ýa meseleleriniň çözgüdini tapmakda üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdu-myzyň ylmy, işgärler, medeni mümkinçilikleri görkezilýär.

IT-tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä we ýurdumyzyň tejribesiniň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriniň baş maksadydyr.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň diwarlyklarynyň ykdysadyýet we söwda bölümleri, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň diwarlyk-lary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olar söwda pudagyny guramak işinde ykdysa-dy özgertmeleriň oňyn täsirini beýan edýär. Bu pudak telekeçilik işjeňligini höweslendirdi, hususy bölegiň paýynyň artmagy bilen bazar gatnaşyklary häsiýetine eýe boldy, jemi içerki önümiň ösü-şine öz täsirini ýetirdi.

Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlaýyn pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy giň di-warlykda görkezilýär, ol pudagyň ýokary depginlerde ösüşini beýan edýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de ýakynda ulanmaga berlen tebigy gazdan karbamid önümçiligi boýunça “Garabogazkarbamid” zawodynyň eksport hem-de daşary ýurtlar-dan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine esasy orun berlipdir.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýakynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli hakynda interaktiw diwarlygy uly ünse eýe boldy. Döredilen goşundynyň çäklerinde peýdalanyjylar smartfonlary we wirtual görnüşdäki äýnekleri ulanmak arkaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Garagum sährasyndan geçen ralli-reýdiň jümmüşine aralaşyp, meşhur awtosürüjileriň ornuny eýeläp hem-de ýurdumyzyň tebigy gözellikleri, taryhy we medeni ajaýyplyklary bilen tanşyp bilerler.

Sergide milli Liderimiziň sport lybaslar toplumy sergä gatnaşyjylaryň we forumyň myhmanlary-nyň ünsüni özüne çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu lybasda “Amul — Hazar 2018” halkara awto-rallisiniň başlangyç tapgyrynda çykyş etdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyza Garagum sährasy boýunça ralli-reýdiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we üstünlikli geçirilendigi üçin bu ralli ýaryşynyň guramaçylarynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan “Africa Eco Raceniň” ýörite sylagy gowşuryldy.

Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de multimodal ýollarynyň döredilmeginde işjeň syýasata ygrarlylygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrül-ýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary döwletler bilen özara gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär. Milli Lide-rimiziň bu ýaryşlary geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem-de onuň durmuşa geçiril-megine hut özüniň gözegçilik etmegi bu halkara awtorallä aýratyn dereje berdi.

Sergide ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dürli ulgamlarda — oba hojalygynda we azyk senagatynda, ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zaman sena-gat desgalarynyň hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde ýöriteleşýärler. Türkmenistanda olaryň sany ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine milli Liderimiziň goldaw bermegi boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmegi netijesinde ýylsaýyn artýar.

Häzirki wagtda türkmen kompaniýalary daşary ýurtly firmalar bilen deň derejede bäsleşýärler. Gurluşykçylar häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyrýarlar, bina edilýän des-galar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen enjamlaşdyrylýar, degişli düzümler ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary ösdürmek boýunça syýasa-tynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ak mermerli paýtagtymyzdan başga-da, welaýat merkezleriniň keşbi hem barha gözelleşýär, olarda ajaýyp binalar — durmuş ulgamynyň desga-lary, edara binalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ýagdaý-da ulanmaga berilýär.

Ugurdaş pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem timarlaýyş daşlaryny, sement, kerpiç, panel toplum-laryny, magdan däl gurluşyk serişdelerini we täze binalar üçin örän zerur bolan turba önümlerini, timarlaýyş serişdelerini, santehniki hem-de elektrotehniki we beýleki önümleri öndürýän pudagyň iri kärhanalarynyň diwarlyklary ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň, onuň gazananlarynyň ösüş depginini görkezýär.

Sergä gelýänler “KWK” nyşanly gaýyş aýakgabyň ýokary hiline, “Akdaş miwe içgileri” nyşanly dürli içgilere, “Hazar balyk” nyşanly balyk önümlerine, çörek-köke hem-de et we süýt önümlerine uly üns berdiler.

Aragatnaşyk we ulag ulgamynyň düzümleri hem öz diwarlyklaryny guradylar. Ilata ýokary hilli we elýeterli ulag hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Sergä gelýänler Awtomobil we Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň di-warlyklary arkaly petekleri elektron usulynda sargyt etmek hem-de satyn almak babatynda inno-wasiýa çözgütleri bilen tanşyp bilerler.

Sport we syýahatçylyk, sport pudagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi dünýäsini beýan edýän diwarlyklaryň ýany köp adamly boldy. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda, şeýle hem onuň ylmy aň-bilim işinde ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bölümini bezemek bo-ýunça işlere serginiň guramaçylary has-da döredijilikli çemeleşipdirler, bu ýerde baý mazmunly resmileşdirilen diwarlyklardan başga-da, türkmen halkynyň buýsanjy bolan türkmen alabaý itleri-ni we tazylaryny synlamak bolýar, ýurdumyzda gadymdan bäri meşhur bolan aw guşlary bilen aw etmegiň muşdaklaryna laçyn guşy görkezildi.

Bu sergi ýurdumyzyň öndürijileriniň önümlerini ýaýmak üçin netijeli meýdançadyr. Iri möçberli gözden geçiriliş hünärmenleriň, bilermenleriň we haryt öwrenijileriň ünsüni çekdi. Köp sanly şä-herliler we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin bu sergi ýurdumyzyň ýagty geljegine aralaşmaga, iň täze tehnologiýalar arkaly Diýarymyzyň ýakyn geljekde nähili keşbe beslenjekdigini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi.

Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlar.

***

Şol gün şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, oňa ykdysadyýe-tiň dürli pudaklarynyň esasy hünärmenleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mu-gallymlary we paýtagtymyzyň talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyn-dan ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň ýokary netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini bellediler.

Maslahatyň dowamynda hasabatlar we ylmy habarlar diňlenildi hem-de ara alnyp maslahatlaşyl-dy, olarda halkara ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna, bazar gatnaşyklaryna, bank işi-niň ösdürilmegine, önümçilige innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, durmuş syýa-satyna we beýlekilere degişli möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!