Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Eziz ildeşler!

Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyl-lyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçi-rilýän bu serginiň uly üstünliklere eýe bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaş-syzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde guralýan bu sergide özgertme-ler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda ýurdumyzyň abadançylygynyň we gül-läp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde gazanylan üstünlikler, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdy-sady taýdan ösüşinde, milletiň ruhy-medeni galkynyşynda ýetilen sepgitler, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler öz beýanyny tapýar. Bu gazanylýan üstünlikler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemezliginiň, dost-doganlyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerimiziň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan halkara bileleşikde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýun-ça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip we oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasion ýoly bilen ösdürmek, senagaty diwersifi-kasiýalaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.

Gadyrly dostlar!
Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň halkynyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy döwletimiziň ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu maksatdan ugur alyp, biz Ber-karar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalary gurýarys, halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürip daşary ýurt bazarlarynda öz ornumyzy berkid-ýäris. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga öz oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, gurulýan desgalar dünýäniň iň kämil tehnologik enjamlary ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, dürli ugur-larda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki üstünliklerimiz bu gün bizi buýsandyr-ýar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyl-lyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gut-laýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!