06.09.2018. Şu gün Söwda-senagat edarasynda iri pudaklaýyn forum öz işine başlady. Bu ýerde “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat geçirilýär.
Energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän sergi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň amala aşyrylyşyny beýan etmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatlyklaryny, geljekki ösüşini we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny äşgär etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Ýöriteleşdirilen bu forumy Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Sergä gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bu pudagyň ýokary sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlaryň hem-de ýerli işewür toparlaryň bu pudakda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändiklerini alamatlandyrýar.
Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryny ösdürýär we milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýändigini äşgär edýär. Elektroenergetika pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin möhüm şertler hut şu pudagyň sazlaşykly ösüşi bilen utgaşýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilendigi bellenilýär. Häzirki döwürde energetika pudagynyň depginli ösüşi daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýanyň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şu pudakda halkara ähmiýeti bolan iri taslamalaryň amala aşyrylmagynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm üns berilýär. Serginiň geçirilmegi pudagyň kuwwatlyklary hem-de geljekki ösüşiniň ugurlary boýunça maglumat alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Täze uly geljegi bolan tekliplere garamak, pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak, ýurdumyzyň kärhanalary we köp sanly daşary ýurt kompaniýalary üçin özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek serginiň esasy maksadyna öwrüldi.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda köpugurly gözden geçiriliş ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň bölümlerinde 160-a golaý diwarlyklar görkezildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu foruma bolan gyzyklanmalary pudagyň maýa goýum özüne çekijiligini we işewür düzümleriň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan islegini äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüşini görkezýär. Ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy babatda elektro energiýa bolan islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi.
Bu Konsepsiýanyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köp sanly gazturbina elektrik beketleri guruldy we ulanmaga berildi. Pudagyň hünärmenleri 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde umumy kuwwaty 3854 MWt bolan täze energetika taslamalaryny ulanmaga bermegi meýilleşdirýärler. Şeýlelikde, şol döwre çenli Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýanyň derejesi 26 milliard 380 million kWt sagada barabar bolar. Onuň eksport edilýän möçberleri bolsa birnäçe esse ýokarlanar.
Pudagyň kuwwatlyklarynyň köpugurly esasda ösdürilmegi netijesinde, Türkmenistan diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektroenergiýanyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar ýurdumyzyň energetika ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, elektrik geçirijileriň eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.
Energetika ministrliginiň hem-de ugurdaş edaralaryň, şeýle hem kuwwatly elektrik beketlerine we ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlara hyzmat edýän pudagyň iri kärhanalarynyň, häzirki zaman gözegçilik ulgamy hem-de sarp edijilere energiýa iberýän hem-de pudakda gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan düzümleriniň bölümleri pudagyň sazlaşykly ösüşini, onuň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini has dolulygy bilen görkezýär.
Täze elektrik beketleriniň taslamalary hem-de ozal hereket edýän beketleri döwrebaplaşdyrmak işleri boýunça sergide görkezilýän bölümler myhmanlaryň we bu çärä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi. Täze elektrik beketleriniň taslamalary pudagyň geljekki ösüşine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem sergide Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurulýan garyşyk gaz-bug elektrik bekediniň taslamasy görkezilýär. Onuň gurluşygy “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy esasynda alnyp barylýar. Marynyň DES-niň esasy bölegi bolup durýan elektrik bekedi 1574 MWt kuwwatlyga niýetlenendir.
Onuň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň iri DES-niň umumy kuwwatlygy iki esse artar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ekologiýa derejesi we galyndysyz önümçilik, şeýle hem serişdeleriň tygşytlanmagy bu desganyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Çünki, garyşyk elektrik bekedi üçin ýangyç hökmünde diňe bir gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar. Şunda onuň peýdaly işi bir ýarym esse – 34,2 göterimden 57 göterime çenli artar, howa goýberilýän zyýanly galyndylar üç esse azalar. Şeýle hem ýangyç harçlanyşy peseler.
Şunuň ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň serişde tygşytlamakda ýokary görkezijisi bolan we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagyna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň ösüşine degişli desgalary gurmakda, elektrik geçiriji ulgamlary çekmekde, abatlaýyş-gurnama we sazlaýyş işlerini alyp barmakda özüni görkezen hususy kärhanalar mynasyp goşant goşýarlar. Döwrebaplaşdyrylan pudaklaýyn düzümiň döredilmegi kompaniýalaryň ýurdumyza döwrebap elektrik energetiki enjamlaryny we gurnamalaryny, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny getirmegini şertlendirýär.
Degişli tehnikalaryň önümçiligi boýunça dünýäniň ýöriteleşdirilen işläp taýýarlaýjylary hem-de kompaniýalary öz gazananlaryny, toplumlaýyn çözgütlerini we täzeçil usullary görkezdiler. Ýurdumyzyň energetika konsernleri we korporasiýalary bilen gatnaşyklary pugtalandyryp hem-de zerur enjamlary getirmekde öz hyzmatlaryny hödürleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar hormatly Prezidentimiziň täze taryhy eýýamda pudagyň öňünde goýýan giň möçberli wezipeleriň çözülmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan Halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, dünýäniň köp döwletinden bilermenler, synçylar, menejerler hem-de söwda wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli elektroenergetika ulgamynyň ýakyn geljek üçin ösüşiniň esasy ugurlaryny, ýurduň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulmagy boýunça anyk hereketlerini kesgitleýär.
Şeýle hem çykyşlarda içerki hem-de halkara elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy boýunça iri maýa goýum taslamalaryna, elektro ulgamlaryň gurluşynda we olary abatlamakda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, elektrik energiýany sarp etmegiň awtomatlaşdyrylan hasabaty boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem energetikanyň alternatiw ösüşi, täzeçil energiýa ulgamlarynyň döredilmegi, enjamlaryň, energo taslamalarynyň we dolandyryş ulgamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde boldy.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn we ulgamlaýyn ösüşine we köpugurly esasda işjeňleşdirilmegine hem-de ählumumy energiýa ulgama sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini bellediler. Ýurdumyzyň elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna ugradylýan eksport ugurlaryny artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Şeýlelikde, elektro energiýanyň önümçiligini, energiýa ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, pudaga häzirki zaman tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, energetikanyň alternatiw ugurlaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe bir ygtybarly energiýa üpjünçiligiň ýokarlanmagyna däl, eýsem, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Aşgabatda geçirilýän pudaklaýyn ykdysady gözden geçiriliş 8-nji sentýabra çenli dowam eder.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!