2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Buharest şäheriniň «ARÇUB» medeniýet merkezinde «Ilçihanalaryň Festiwaly» atly ýyllyk halkara çäresiniň resmi açylyşy geçirildi. Çäräniň işine Rumyniýada akkreditirlenen 70 sany diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň wekilleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, medeni rumyn jemgyýetçiligi we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdy.
«ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasy, UNESCO-nyň Rumyniýadaky wekilhanasy we Rumyniýanyň Daşary işler ministrligi çäräniň gurnaýjylary boldy.
Festiwalyň resmi açylyşynda gutlag sözleri bilen Rumyniýanyň strategiki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek işleri boýunça wise-premýeri hanym Ana Birçal, Rumyniýanyň UNESCO-nyň işleri boýunça milli toparynyň başlygy hanym Iris Konstantin we «ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasynyň wekili çykyş etdiler.
Beýleki Ilçihanalar bilen bir hatarda festiwala Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna we “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň yglan edilmegine bagyşlanan sergisi bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň sergi diwarlyklarynda milli el halylary, lybaslary we saz gurallary, amaly-haşam sungatynyň işleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri, şeýle hem Türkmenistan baradaky beýleki neşirler görkezildi.
Bu festiwal Buharest şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Festiwala şu ýyl 50 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi öz işini 9-njy sentýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!