28.08.2018. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2018» hal-kara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Halkara forumy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezi-denti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Forum Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni bilen bilelikde gurnaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen welaýatlarda we paýtagtymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri möçberli gurluşyk iş-leri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny okgunly ösdürmegiň möhüm şertidir. Gurluşyk işleriniň möçberiniň yzygiderli ösdürilmegi bu pudagyň gurluşyk serişdeleri bilen bökdenç-siz üpjün edilmegini talap edýär. Bu işler gurluşyk serişdelerini öndürýän täze kärhanalary gurmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, önümçi-lige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýar. Öndürilýän ýokary hilli önümler gurluşyk we senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Şu gezekki sergi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň okgunly ösüşiniň özboluşly görkezijisi bolup durýar. Halkara forumyň esasy maksady we wezipesi gurluşyk pudagynyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini we döwrebap tehnologiýalary, taslamalary hem-de gurluşyk pudagynyň harytlaryny görkezmekden, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek-den, innowasiýa işlerini ösdürmekden, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekden, nowasi-ýa häsiýetli gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribeleri we maglumatlary alyşmakdan, haryt öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Halkara pudaklaýyn sergi geçirilýän ýyllarynyň dowamynda gurluşygyň, binagärligiň, gurlu-şyk serişdeleri senagatynyň hem-de binalaryň bezeg işlerini ýerine ýetirmek ulgamynda iň abraýly halkara gözden geçirilişleriň birine öwrüldi. Foruma gatnaşýanlaryň wekilçilikli dü-zümi hem-de barha artýan sany dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän gurluşyk pudagyna ägirt uly isleg bildirýändikleriniň subutnamasy-dyr.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, pudaklaýyn ministrlik-leriň we dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaş-çylary, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhu-belentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly döwrebap binalaryňdyr desgala-ryň gurluşyklary güýçli depgin bilen alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan gurlu-şyklaryň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigi we şolarda milli binagärlik ýörelgeleriniň do-wam etdirilýändigi guwandyrýar. Bu bolsa, ýerli hünärmenlerimiziň ýylsaýyn tejribe topla-ýandygyna hem-de netijeli işlemegi başarýandygyna güwä geçýär.

Döwlet Baştutanymyz şu gezekki halkara serginiň hem-de maslahatyň Berkarar döwletimi-ziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ýeten sepgitlerini giňden wagyz etmekde, hünärmenlerimiziň hem-de olaryň dostlukly döwletlerden kärdeşleriniň tej-ribe alyşmagy, geljekki täze binalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin şertleri döretmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy joşgunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Her ýyl geçirilýän sergi oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem-de sany boýunça abraý-ly sergileriň birine öwrüldi, bu bolsa dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň batly depginler bilen ösýän gurluşyk senagatyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Şu ýyl giň gerimli sergä dünýäniň 14 döwletinden — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýa-dan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan 130-dan gowrak kompaniýalar iri möçberli sergileri bilen gatnaşýarlar.

Bu ýerde görkezilýän önümler we gurluşyk serişdeleri işewürleri, hünärmenleri hem-de öz ýaşaýyş jaýyny, edara binasyny, kottejini abatlamak ýa-da bezemek isleýän islendik raýa-ty hem-de gurluşyk tehnologiýalarynda, enjamlar, serişdeler we gurallar babatynda diňe okuw kitaplary bilen däl-de, iş ýüzünde tanyşmak isleýän talyplary we orta okuw mekdep-lerinde okaýan okuwçylary gyzyklandyryp biler. Sergi täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak, mahabat işlerini geçirmek, maýadarlary gözläp tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döred-ýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ylmy önümçilikleriň ulanylmagyna aýratyn üns berýär. Mysal üçin, sergide ylmy işläp taýýarla-malar, dürli pudaklarda, şol sanda elektroenergetika ulgamynda amala aşyrylýan innowa-sion taslamalar görkezildi. Bu ýerde Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edil-ýän garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny görmek bolýar. Onuň gurluşygy «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasyna la-ýyklykda ýerine ýetirilýär.

Marynyň DES-niň düzüm bölegi bolup durýan elektrobeket 1574 megewat bolan kuwwatly-lyga niýetlenendir. Onuň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň esasy DES-iniň umu-my kuwwatlylygy iki esse artar. Ýöne onuň esasy artykmaçlygy ekologiýalylygy hem-de galyndysyz önümçilik häsiýetli bolmagy, şeýle hem serişdeleriň tygşytlanmagyndan yba-ratdyr, çünki garyşyk elektrobeket üçin ýangyç bolup, diňe bir gaz däl, eýsem, suw bugy hem hyzmat eder.

Şunda peýdaly hereketleriň görkezijisi (PHG) bir ýarym esse — 34,2 göterimden 57 göteri-me çenli artar, howa bölünip çykýan zyýanly galyndylar bolsa 3 esse azalýar. Ýangyjyň sarp edilişi hem azalýar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň energiýa tygşytlaýjylar we ekologiýa howpsuzlygy babatdaky ýokary görkezijiler bilen baglylykda, tehnologiýalaryň ulanylmagyna maksadalaýyk geçilýändigine şaýatlyk edýär.

Sergide ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän hususy bölümiň alyp barýan işleri giňden görkezilýär, soňky ýyllarda «Nusaý ýollary», «Altyn nesil», «Aktab», «Ajaýyp gurlu-şyk»,«Beýik bina» we beýleki köp sanly kompaniýalar iri taslamalary durmuşa geçirdi. Hor-matly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň hususy böle-giniň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi gurluşyk pudagynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy telekeçileri halkara ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň arasynda ýerli çig maldan öndürilýän hem-de bu harydyň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň ornuny tutmaga gönükdirilen aýna mozaikasy binalary bezemekde köp ulanylýar.

Häzir Aşgabadyň binagärliginde mozaika pannolaryny ulanmagyň şowly mysallaryny gör-kezmek bolýar, şolar paýtagtymyzyň ýaşaýyş we dolandyryş binalar toplumynda sazlaşyk-ly utgaşýar. Çeper çözgüdi boýunça dürli mozaikalary milli öwüşgin hem-de halk amaly sungatynyň däpleri birleşdirýär. Şu gün pudaklaýyn sergide görkezilen, ýurdumyzda aýna mozaikasynyň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna bezeg serişdeleriniň daşary ýurtlar-dan getirilýän şu görnüşinden doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen önüm öndüri-jileriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak maksadynda daşary ýurtlardan getiril-ýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak bilen bagly ýurdumyzyň telekeçileri gön önümleriniň önümçiligini hem ýola goýdular, munuň üçin çig mal ýerli maldarçylyk toplum-laryndan gelip gowuşýar. Täze önümçilikleriň ýola goýulmagy netijesinde ýurdumyzda önümleriň täze görnüşlerini, şol sanda, döwrebap ýokary hilli aýakgaplary we mebelleri ön-dürmegiň mümkinçiligi peýda boldy. Bu önümler eýýäm içerki bazarda daşary ýurtly önüm-ler bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde bolsa daşary ýurtlara ugradylar.

Sergide öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary, şeýle hem innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän «Poyatos», «Buig», «Rönesans», «Hebei Weizhengheng Modular House Technology», «Gap Inşaat», «Ticcurila», «Hofmann GmbH» ýaly kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler.

Ýol gurluşygynda öz «nou-haularyny» Türkmenistana teklip etmäge taýýar kompaniýalaryň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynda jikme-jik beýan edilen bu taryhy ýoly gaýtadan di-keldýän döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyryl-ýar. Awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometrleri, köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary — aý-ratyn inženerçilik çözgütlerini we täze tehnologiýalary talap edýän desgalar gurulýar.

Örtülýän daşy, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, metal gurnamalary ön-dürýän edaralaryň, kärhanalaryň diwarlyklary ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüş dep-ginlerini görkezdi.

Sementiň öndürilişi gurluşyk serişdeleri senagatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzyň zawodlarynda sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri — örän berk we ýokary hilli portland sementi öndürilýär. Ol seýsmiki zolakda köp gatly binalary hem-de beýleki desgalary gur-makda ulanylýar. Mundan başga-da, nebit we gaz pudaklary üçin zerur tamponaž semen-tiň, binalaryň binýadyny tutmakda, köprüleriň sütünlerini we beýleki gidrotehniki desgalary gurmakda ulanylýan sulfat durnukly sementiň öndürilişi ýola goýuldy.

Şeýle hem sergide keramiki kerpijiň, armaturanyň, metal profilleriň, plastmas we aýna sü-ýümli turbalaryň önümçiligine ýöriteleşdirilen kärhanalar bilen tanyşdyryldy, bu önümleriň öndürilişi ýurdumyzda artýar. Döwletimiziň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň ön-dürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatyndaky Ýagman ýatagyndan alyn-ýan argillit onuň üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy-önümçilik bileleli-şiginiň öňünde nano we kompozit serişdelerini işläp taýýarlamaga işjeň goşulmak barada wezipäni goýýar. Häzir Türkmenistanda ýerli çig malyň esasynda ýurdumyz üçin täze önümleri — örän inçe bazalt süýümini we şondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýjy hem-de kompozit gurluşyk serişdelerini çykarýan senagat önümçiliklerini döretmek boýunça ýurdu-myzyň kärhanalarynyň alyp barýan işleri dowam edýär. Bu önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Bazalt süýümi örän berkligi bilen häsiýetlendirilýär. Ol polatdan 2,5 esse, aýna süýümden 1,5 esse berkdir. Bu önüm ýeňilligi, örän ýokary we pes temperaturalara, şeýle hem posla-malara, aşgarlaryň, kislotalaryň we beýleki himiki maddalaryň täsirine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şu häsiýetlere eýe bolmagy netijesinde bazalt süýümi we şonuň esasynda taýýarlanylan, ses geçirmeýän hem-de ýylylygy saklaýan serişdeler häzirki wagtda dürli iş-lerde giňden ulanylýar. Bu serişdeleriň ulanyş möhleti 100 ýyldan hem geçýär.

Hususan-da, olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýar. Bazalt süýüminden öndürilen önümler ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleriň hataryna girýär, bu bolsa mälim bolşy ýaly, milli Li-derimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän önümlere bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar.

Dürli maksatly desgalaryň nusgalary paýtagtymyzy, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmegiň geljegini şöhlelendirdi. Olar dolandyryş we edara, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarydyr. Ykdysady sergide gör-kezilen kaşaň ýaşaýyş toplumlarynyň, ak mermerli dolandyryş binalarynyň, kärhanalaryň innowasion taslamalary eýýäm ýakyn wagtda durmuşa geçiriler. Diwarlyklaryň mowzugy hem gyzyklydyr, çünki türkmen şäherleriniň we obalarynyň geljegine ser salmaga, özbo-luşly taslamalara baha bermäge mümkinçilik berýär.

Belent binalar, täze ýaşaýyş toplumlary, gök zolaklar «Sebitiň binagärlik merjeni» diýlip at-landyrylýan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň bezegidir. Aşgabat şäheri barha gö-zelleşip, okgunly kemala gelýän megapolisiň çäklerini giňeldip, dünýäniň gözel paýtagtlary-nyň hatarynda mynasyp ornuny berkidýär. Şäher ilatynyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy döretmek, göwnejaý dynç almak hem-de boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri we hyzmatlary hödürle-mek onuň ösüşinde esasy görkezijileriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň talabyna laýyklykda ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent jaý-lary däl-de, eýsem, kottej görnüşli jaýlaryň gurulmagy öňde goýlan maksatlary gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň ýaly binalar döwrebap talaplara, adamlaryň şahsy isleglerine kybap gelýän amatly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almakda mümkinçilikleri artdyrýar.

Ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygy barada hemişelik alada giň ge-rimli özgertmeleriň başyny başlan döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, geljege tarap ynamly gadam urýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparla-ryny yzygiderli amala aşyryp, türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan öz-gertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bo-ýunça görülýän maksatlaýyn çäreler, Diýarymyzy senagatlaşdyrmak üçin ägirt uly müm-kinçilikleri doly peýdalanmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen möhüm düzümle-ýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen ýerinde tanyşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlary özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu adamlara ýoka-ry ýaşaýyş-durmuş, döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin amatly şert-leri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürýän ulgam, düýpli we ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen bir hatarda, uly döwlet goldawyna eýe boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama welaýatlaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ilatyň iş bilen üp-jünçilik meselelerini çözmegiň esasy alamaty hökmünde garaýar. Häzir pudagyň kärhana-lary gurluşyk bazaryna sementi, diwarlyk panellerini we armirlenen bloklary, keramziti de-mirbeton önümlerini, keramiki kerpiji, örtülýän daşlary, termoýylmanan aýnany we beýleki-leri öndürýär hem-de ugradýar.

Gurluşyk pudagyny ösdürmegiň wezipeleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan «Türkmenistanyň gurluşyk senaga-tynyň ösüşi» atly maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa ýurdumyzyň pu-daklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, hususy işewürligiň ýolbaşçylary hem-de hünär-menleri, käbir daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara döwrebap tehnologiýalaryň hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribe-siniň ösmegi bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşla-nan hasabatlar we habarlar hödürlenildi.

Maslahatda dürli gurluşyk taslamalarynyň, şol sanda gurulýan desgalaryň ygtybarlylygyny hem-de mäkämligini ýokarlandyrmagyň, ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine degişli çykyşlar diňlenildi.

«Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara sergi 30-njy awgusta çenli dowam eder.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!