Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň taryhynda uly yz galdyrjak waka bolan bu halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

Mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz Watanymyz ähli ugurlarda dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Şol ösüşleri bolsa gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýetiljek sepgitleri hasaba almazdan, göz öňüne getirmek mümkin däldir.

Berkarar döwletimizde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň möçberiniň yzygiderli artmagy bu pudagyň ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün edilmegini talap edýär. Bu işler gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhanalary gurmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýar.

Täze işe girizilýän kuwwatly kärhanalaryň öndürýän ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň işini döwrebap derejede ösdürmäge täze mümkinçilikleri döredýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanyp geçirilýän halkara gurluşyk sergisiniň işine gatnaşýan milli hünärmenleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda Aşgabat şäherinde guralýan bu halkara serginiň we maslahatyň ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Häzirki wagtda diňe bir gözel paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly döwrebap binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi we olarda milli binagärlik ýörelgeleriniň dowam etdirilýändigi guwandyrýar. Bu bolsa ýerli hünärmenlerimiziň ýylsaýyn tejribe toplaýandygyna hem-de netijeli işlemegi başarýandygyna güwä geçýär. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiziň paýtagtynda guralýan halkara serginiň dowamynda bu hakykata siz ýene-de bir gezek doly göz ýetirersiňiz diýip pikir edýärin.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk we uzak ömür, gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan yhlasly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!