Howa maglumatynyň hünärmenleriniň berýän habaryna görä, günüň dowamynda Aşgabadyň asmany bulutlara örtüler. Gar ýagmagy giç agşama çenli dowam eder. Ýurduň beýleki sebitlerinde hem maýyl günleriň ornuna gyşyň sowugy geldi. Gyşyň şu gününde gar tozgalary baradaky gyzykly maglumatlary size hödürleýäris.
***
Ýyldyz görnüşli çylşyrymly gar tozgalary saýgaryp bolýan geometrik gurluşy bilen tapawutlanýar. Şeýle gurluşlaryň nusgalary, fizik Jon Nelsonyň pikirine görä, älem-jahanda synlanýan atomlardan hem köpdür.
***
Iň iri gar tozgasy 1887-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Fort-Keoda (Montana, ABŞ) hasaba alyndy. Onuň diametri 15 dýuýma deňdir.
***
Adaty gar tozgasynyň agramy takmynan milligramdyr (seýrek ýagdaýda 2-3 milligram bolmagy mümkin). Ýöne kadadan çykmalar hem bolýar. 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde Moskwada iň iri gar tozgalary hasaba alyndy. Eliňe alanyňda, ol tutuş aýaňy doldurýardy we düýeguşuň ýeleklerini ýatladýardy.
***
Gar tozgasy 95% howadan ybaratdyr. Munuň özi pes dykyzlygy alamatlandyryp, onuň ýere haýal gaçmagyny şertlendirýär (sagatda 0,9 km).

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!