18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ilkinji derejeli meseleleri çözmegiň ugurlary kesgitlenшдdi we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işleriň alyp barylmagy we ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“tdh.gov.tm" saýtynyň materiallary esasynda taýýarlanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!