15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, işjeň tanyşdyryş we işewür gatnaşyklaryny peýdalanmak bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer 5-nji fewralda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bu çärä iki ýurduň döwlet toparlarynyň esasy edaralarynyň wekilleri, iri nemes kompaniýalarynyň 90-a golaýynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek, nemes işewürlerini Türkmenistanyň ykdysady hem-de eksport kuwwaty, ýurdumyzyň daşary söwda we maýa goýum syýasaty, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary GFR-iň esasy kärhanalaryna hem baryp görer. Milli Liderimiziň garamagyna GFR-de geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle çäreleriň ýurdumyza halkara bileleşigini öz kuwwaty durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde hem bu çäreler Türkmenistana önümçiligiň dürli ugurlarynda öňdebaryjy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek üçin oňat esas döredýär.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, soňky wagtda ýurdumyza beýleki döwletlerden aýry-aýry ýaramaz hilli harytlaryň getirilişiniň artandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz A.Nurberdiýewa wise-premýerler S.Toýlyýew, P.Taganow, B.Hojamämmedow we E.Orazgeldiýew bilen bilelikde ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän önümleriň hiline gözegçilik çärelerini güýçlendirmek meseleleri boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!