2-nji dekabrda Aşgabatda “EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy babatdaky Şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berdi.
Ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Rapil Joşybaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Ol Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” sergisiniň komissary diýlip bellenildi.
Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy birnäçe ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabryna çenli aralykda geçiriljek iri gözden geçirilişde ýurdumyzyň ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýasyny görkezer.
“Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek sergi tutuş dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan möhüm meseleleriň biri bolan energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny şöhlelendirer. Häzir munuň ählumumy durnukly ösüş babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigi gürrüňsizdir.
Ady agzalan resminama gol çekmek dabarasynda gazak tarapynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň gazananlary we üstünlikleri köp babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, şeýle hem şu aýda 20 ýyllyk şanly senesi giňden we dabaraly belleniljek Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary syýasat ugry bilen baglanyşyklydyr.
Ýurdumyz döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmagy bilen Bitaraplyk derejesini beren Milletler Bileleşiginiň ynamyny doly ödeýär hem-de rowaçlyga we durnukly ösüşe tarap ählumumy tagallalara, hakykatdan-da, mynasyp goşant goşýar.

Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!