25-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Matrade” Sergiler we maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty gazeti habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Malaýziýa biziň ýurdumyzyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen barha ösýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy nukdaý nazaryndan Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razakyň arasynda geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi.
2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda göni howa gatnawynyň açylmagy diňe bir söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda däl-de, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boldy.
Şu gezekki işewürler maslahatynda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, bäsdeşlige ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýan eksporta ugrukdyrylan dürli türkmen önümlerini Malaýziýanyň bazarynda ýerlemek üçin degerli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýe bolan iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!