Rumyniýanyň paýtagty Buharestde Rumyniýanyň ykdysadyýet, kiçi we orta telekeçilik, syýahatçylyk ministrliginiň we Rumyniýanyň söwda-senagat edarasynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde guralan Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri üstünlikli tamamlandy. Bu barada “Turkmenistan.ru” saýtynda habar berildi.
Rumyniýanyň ykdysadyýet, kiçi we orta telekeçilik, syýahatçylyk ministrliginiň döwlet sekretary Florin Wodisa bu çäräniň açylyş dabarasynda söz sözläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdi.
Şeýle-de şu bilelikdäki çäräniň rumyniýaly işewürler toparynyň Türkmenistanyň mümkinçiliklerine oňat göz ýetirmegine ýardam etjekdigini, iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklara täze badalga berjekdigini bellediler.
Serginiň çäklerinde bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirilip, onuň barşynda iki döwletiň telekeçileriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary, şeýle-de türkmenistanly myhmanlaryň rumyn kompaniýalary bilen tanyşlygy guraldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!