17-nji noýabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2015” atly 20-nji halkara maslahat we sergi dabaraly ýagdaýda açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Bu barada «tdh.gov.tm» saýty habar berýär.
Şu sergi we maslahat öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny höweslendirmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz ulgamynyň innowasion ösüş ugruna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmäge ýardam etmelidir. Bu foruma dünýäniň 40-a golaý ýurdundan – Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan we beýleki döwletlerden iri kompaniýalaryň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.
nebitgaz forumy4Hyzmatdaşlygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan halkara ylmy maslahatyň çäklerinde dowam etdi. Foruma gatnaşýanlaryň hatarynda meşhur nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň, halkara energetika agentlikleriniň, assosiasiýalaryň işgärleri, dünýäniň köp ýurtlaryndan hökümet wekiliýetleriniň, önüm öndüriji zawodlaryň hem-de beýleki abraýly düzümleriň wekilleri bar. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen žurnallary, habarlar agentlikleri, neşirýat öýleri, internet-portallar bu çärä maglumat taýdan goldaw berýärler.
Öz nobatynda, şu maslahata daşary ýurtlardan gatnaşýanlar türkmen Lideriniň giň möçberli özgertmeler, şol sanda nebitgaz pudagyndaky özgertmeler syýasatyna ýokary baha berdiler. Çykyşlarda iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky halkara başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Forumyň işiniň üç gününiň dowamynda Sergi köşgünde köpsanly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olar ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmek hem-de rejeli ulanmak maksady bilen, täze bilelikdäki taslamalaryň esasyny goýar.

Surata düşüren Kakamyrat Geldiýew.