2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-niň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara «DOMOTEX-2019» sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.
Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan «DOMOTEX-2019» sergisiniň guramaçysy «Deutsche Messe АG» sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-de beýleki pol örtükleriniň halkara sergileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýändir.

2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär.
Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy.
Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli ekspozisiýalary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklary sanawyna girizilen gadymy ýadygärlikleriň suratlary, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti barada eksponatlar we maglumatlar bilen tanyşdylar.

2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2019» atly halkara sergisi öz işine başlady.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dokma ulgamynda gazanan ösüşlerini dünýä ýaýýan bu halkara sergä dünýäniň 60 döwletinden 3000-den gowrak daşary ýurt kompaniýalar we edaralar gatnaşýar.
Bu serginiň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdylar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň sergisi guraldy.
Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti Messe Frankfurt sergiler kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegiň hem-de hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara sergisi öz işini şu ýylyň 11-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Parižde ýerleşen Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlarda EKSPO 2025 Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka-Kansaýyň saýlanandygyny Siziň Alyhezretiňize habar bermek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň beren goldawy üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan hoşallygymy beýan edýärin.

Şeýle hem Osaka öňde boljak G20 Sammitiň geçiriljek ýeri bolmak bilen, günbatar Ýaponiýanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär we biz onuň baý medeni we syýahatçylyk serişdelerine, Siziň Alyhezretiňiziň Osaka-Kansaýda duýup biljek myhmansöýerlik ruhuna buýsanýarys. Türkmenistanyň EKSPO 2025-e gatnaşmagynyň Siziň ýurduňyzyň medeniýetini we işewürligini dünýä tanyşdyrmaga hem-de geljekde onuň mümkinçiliklerini giňeltmäge ajaýyp şert döretjekdigine ynanýaryn.

Ýaponiýa toplanan tejribäniň esasynda EKSPO 2025-iň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin Bütindünýä sergisini geçirmäge taýýarlyk görmäge başlar. Osaka-Kansaýda EKSPO 2025-iň üsti bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin geljekki jemgyýeti döretmek babatda Türkmenistan bilen bilelikde işläp, Bütindünýä sergisiniň geçirilýän döwründe dürli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak isleýäris.

Türkmenistanyň geljekde hem üstünliklere eýe bolmagyny hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

www.tdh.gov.tm

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu Kararnamalar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda möhüm orny eýeleýän Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, milli Liderimiz bu strategiýanyň esasy wezipelerini kesgitledi. Şolaryň hatarynda döwletiň we jemgyýetiň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi üçin amatly daşary şertleri üpjün etmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmek we ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky milli bähbitlerini yzygiderli goramak wezipeleri bar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirýän forumlary hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.
DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 17-nji fewralda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp “Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahat geçirildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!