Köneürgenç etrabynda geçen ýylyň ahyrynda işe girizilen ýylda 1800-2000 tonna ekologiýa taýdan ýokary hilli önüm öndürmäge niýetlenen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýyladyşhana toplumy alyjylara 70 tonna golaý pomidor iberdi. Daşoguz welaýatynda iň iri ýyladyşhana toplumynyň on gektar ýerinde pomidor, şol sanda onuň çerri görnüşi ýetişdirilýär.
Toplum gyzgynlygy, yşyklandyryş derejesini, topraga suw we dökün bermegiň düzgünlerini awtomatik usulda kadalaşdyrýan döwrebap enjam bilen üpjün edilen. Gutarnykly tapgyrda işleýän ýyladyşhanada şitiller ýetişdirilýär, alyjylara ugradylmazdan ozal ýörite laboratoriýada hili barlanylýan gök önümler saýlanylýan we gaplanylýan bölüm bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň—telekeçilik düzümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde guran innowasion ýyladyşhana hojalyklarynyň ýene birnäçesi Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we obalarynyň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün edýärler. Meselem, “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasy alyjylara 800 tonna çenli pomidor ugradýar, Akdepe, S.A.Nyýazow adyndaky we Görogly etraplarynyň döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan täze hojalyklaryň üçüsiniň meýdanlarynyň bir böleginden ekologiýa taýdan arassa pomidor we hyýar, bolgar burçy ýygnalýar.

www.turkmenistan.gov.tm

«Meniň daş-töweregimdäkiler, hatda enem-atam hem meni işi ugruna bolmaýan adam hasap edýärdiler» diýip, beýik akyldar we şahyr Şemsi Tebrizi öz çagalygyny ýatlapdyr. Kütekligime lapykeç bolan kakam bir gün maňa:
–Dälihana salar ýaly, göräýmäge sen kemakylam-a däl. Ybadathana üçin hem ol diýen bir ynançly adam däl, men seni näderkäm? ─ diýdi.
Men oňa:
–Bir gezek kürk towugyň oturan höwürtgesine ogrynça ördegiň ýumurtgasyny goýupdyrlar. Ene towuk ýumurtgadan çykan jüýjelerini howzuň kenaryna äkidipdir. Beýleki jüýjeler otjagazlary çokup ugrapdyrlar, ördek jüýjesi bolsa, suwa böküpdir. Görgüli kürk towugyň zähresi ýarylypdyr. Ala-gykylyk edip käkeläp, daş-töweregi kömege çagyrypdyr, sebäbi onuň özi hem ýüzüp bilenok ahyry.
–Kaka diňle meni, seni gowy görýärin we enem-atam hökmünde sarpa goýýaryn. Ýöne meniň kenarda galasym gelenok. Meni umman özüne çagyrýar, men onda öz öýümi tapdym. Seniň ýüzüp bilmeýänligiň, ony öwrenmegem islemeýänligiň üçin men günäkär däl ahbetin.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

Dünýäniň köp ýurdunda kriptowalýuta düýbünden düzgünleşdirilmeýär, ýagny häkimiýetler ony saklamagy we onuň bilen söwda etmegi gadagan etmeýärler
«Coin Dance» portalynyň barlaglarynyň netijelerine görä, Bitcoin dünýäniň azyndan 111 ýurdunda doly kanuny hasaplanylýar.
Sanly pullar bilen söwda etmegiň möçberi boýunça öňdebaryjy 20 sany döwletiň içinde diňe 3 sanysy kriptowalýutany kanuny diýip kabul etmediler.
Bu babatda Wýetnam 18-nji orunda durýar. Ol ýerde töleg serişdesi hökmünde ulanmaga rugsat bermeýärler. Oňa garamazdan, şaýy pul hökmünde saklamaga we söwda etmäge rugsat edilýär. Reýtingiň 15-nji setirinde Nigeriýa durýar. Bu ýurtda häkimiýetler blokçeýn pudagynyň dolanşygyny kesgitläp bilmändirler. 10-njy orunda bolsa, sanly pullaryň «çäkli» statusyna eýe bolan Indoneziýa durýar
Kriptowalýuta 10 sany döwletde, ýagny Owganystanda, Alžirde, Bangladeşde, Boliwiýada, Pakistanda, Katarda, Makedoniýada, Saud Arabystanynda, Banuatuda we Wýetnamda kanuny däl diýlip hasaplanylýar. Bitcoin 9 ýurtda, şol sanda Hytaýda we Hindistanda «çäkli» statusy aldy.

Materiýaly «www.rbc.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Iş hepdesiniň günlerini azaltmak hem kompaniýalara, hem olaryň işgärlerine bähbitli bolar, şonuň üçin dünýäde 4 iş günli hepdä geçmek barada pikirlenmegiň wagty geldi diýip, Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumyň dowamynda iki sany abraýly bilermen aýtdy. Forumyň dowamynda Pensilwaniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Uorton biznes mekdebiniň psihology Adam Grant: «Bizde iş wagtynyň azalmagy bilen adamlaryň ünslerini netijeli jemleýändigini açyp görkezýän gowy tejribelerimiz bar. Olaryň iş öndürüjiligi şonlugyna galsa-da işiň hili we işe döredijilikli çemeleşmeleri has-da artýar» diýip, ol öz çykyşynda belledi. Onuň bilen adamlaryň wagtyň geçmegi bilen barha az işlejekdiklerine öňdebaryjy ykdysatçylaryň, sosoiologlaryň, filosoflaryň onýyllyklaryň dowamynda ynanandyklaryny ýatladan ykdysatçy we taryhçy Rutger Bregman hem pikirdeş. Ýöne bu ýagdaý diňe geçen asyryň 70-nji ýyllarynda üýtgäpdi. «Telekeçiler ─ kapitalistler baryp, 20-nji we 30-njy ýyllarda gysgaldylan iş hepdesiniň önümçilige oňyn täsir edýändigini ýüze çykarypdyrlar. Mysal üçin, Genri Ford 60 sagatlyk iş hepdesinden 40 sagatlyga geçenlerinde onuň işçileriniň az ýadaýandyklary sebäpli, öndürijilikleri artypdyr» diýip, gürrüň berýär.
Forumyň çäklerinde eger az işleseler adamlaryň has bagtyýar bolýandyklary hakyndaky ylmy derňewler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilermenler Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlaryny, ýagny işe wagt näçe kän sarp edilse, şonça-da zähmet we her sagatda jemi önümiň öndürijiliginiň az bolýandygyny hem ýatladylar.
Geçen ýyllarda Täze Zelandiýanyň kompaniýalarynyň biri synag hökmünde 4 iş günli hepdä geçdi. Soňra bu tertipnamanyň hemişelik boljakdygyny yglan etdiler.

Materiýaly «www.ukrrudprom.com» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “BEK” HK-a degişli täze ýyladyşhana toplumy Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümlerini öndürýän önümçilikleriniň hataryna goşuldy. Ony Çärjew etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginde telekeçi M. Jumagulyýew gurdy.
2 gektar meýdanda zerur enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhana toplumy guruldy. Onuň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Şu günler bu ýerde hyýar we pomidor ýetişdirmäge girişildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!