Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek maksatnamasy esasynda Türkmenistan daşky gurşawy goramaga hem goşant goşýar. Bu ugurda eýýäm öndürilip başlanan we dünýäde giňden ornan «ýaşyl» önümleriň sanawynda orun alan LED-lampalary agzamak bolar.
LED-lampalar (Light-Emitting Diode Lamps) ýagtylyk diodly lampa ady bilenem bellidir. Olary öndürmekde simap we galogen ulanylýar. Şonuň üçin hatardan çykanda ýa döwlen halatynda hiç hili howp döretmeýär. Ulanyşdan galan lampany arkaýyn zibile atybermeli. Çünki ony täzeden işläp, önüm almak bolýar.
«Aydyn gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň fewralyndan bäri LED-lampalary öndürýär. Diňe şu ýylyň dowamynda bir ýarym millionan gowrak ekologiýa taýdan arassa lampa alyjylara hödürlenildi.
«Aydyn gijeler»-de öndürilýän lampalaryň esasy aýratynlygy olaryň uzak wagtlap hyzmat edýänligidir. Olar 20-den 50 müň sagada çenli ulanmaga ýaramlydyr. Munuň özi 2 ýyldan 5 ýyla çenli möhletdir.

Taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

20 ýyl mundan ozalam plastik gaplar ulanmaga amatlylygy we hiliniň ýokarylygy üçin bizi haýran galdyrýardy.
Uly ýaşly nesliň agramly bölegi çüýşe gaplary ulandylar. Olara seresap bolmasaň döwülmek, hatardan çykmak howpy abanýardy. Plastik gaplara beýle howp abanmaýar.
Gaty bir kän wagt geçmedigem bolsa plastik gaplar adamlary irizip başlady. Her gün satyn alýan önümlerimiziň plastik gaplarda satylýany az däl. Olary ýygnap goýmak amatly bolmaýar. Öýde ýer tutýar. Şeýle bolansoň zyňmaly bolýar.
Ýöne plasatik gaplary zibile atanymyz bilen ýok bolup gidenok. Olary täzeden işläp, gündelik durmuşa gerekli önümleri alyp bolanok. Dag döredip ýatan plastik gaplar adamlary howpurgadyp başlady.
Tutuş ýurt möçberinde alanyňda ol uly bir mesele döredýär. Bilermenler, olaryň çynlakaý ekologiýa meselesini döredýändigini duýdurýarlar. Merkezi Aziýada bu mesele birnäçe ýyl bäri ýiti bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň söwda ulgamynda briketlenen kömür peýda boldy. Onuň önümçiligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň «Mert Peder» HJ hünärmenleri başladylar.
Briketlenen kömri ýasamak üçin çig mal hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň agaç galyndylary hyzmat edýär: guradylan gowaçanyň baldaklary we üzüm şahalary. Ýangyjyň şu görnüşiniň artykmaçlyklarynyň arasynda – uzak wagtlap ýanmakdyr (4-5 sagat), bu bolsa onuň peýdalanylyşyny has amatly edýär. Agaç-kömür briketleriniň düzüminde ekologiýa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biljek himiki berkidijiler we baglaýjy elementler ýokdur, şol sebäpli maňňallar, peçler, kaminler, çadyrlary ýylatmak üçin ekologik taýdan arassa ýangyç hasap edilýär.
Kärhananyň kuwwaty – her günde 400 kg briketlenen kömür bolup, ol kagyz gaplara çekilip gaplanýar we bölek söwda ulgamyna ugradylýar. Öndürijiniň meýilnamasynda – importyň ornuny tutujy şu önüm bilen içerki bazary doly üpjün etmek bolup durýar.

www.tstb.gov.tm

«Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bananlaryň ilkinji hasylyna garaşýarlar. Geçen ýylyň sentýabrynda biziň ýurdumyz üçin täsin nahallar Türkiýeden getirildi. Ýörite olar üçin Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bir gektar meýdanda beýikligi 8,6 metre barabar bolan ýyladyşhana guruldy.
Ösümliklere edilen dogry ideg özüniň miwelerini getirdi – bananlar güllediler we güldüýbüni emele getirdiler. Üstesinede ýyladyşhana duýdansyz ýerli ajaýyplyga öwrüldi.
Dekabryň ortalaryna mukdary 30-40 tonna barabar bolup biljek ilkinji hasyly ýygnamagy niýet edinýär. Amatly şertlerde her “agaçdan” 300-350 sany banan alyp bolýar.
Şeýlelikde, türkmen halkymyzyň täze ýyl saçagynda ýurdumyzda öndürilen bananlar peýda bolup biler.

www.tstb.gov.tm

Mary welaýatynda ýerleşýän «Ak Sili» hususy kärhanasy energetikada, nebit we gaz çykarmakda, himiýa, lukmançylyk, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda ulanylýan reagentleri çykarmaga ýörüteleşýär. Telekeçiler geçen ýylyň dekabryndan bäri iki ýüz tonnadan gowrak tehniki hlorowdorodyň suwdaky erginini ödürdiler. Önümiň aglaba bölegi Mary we Seýdi döwlet elektrik beketlerinde, Türkmenbaşy ýylylyk-eletrtik merkezinde ýerlenildi.
Telekeçiler hlorowodorodyň suwdaky erginini ýerli çig maldan – Garabogaz aýlagynyň gatlaklaryndaky bol bişofit mineralyndan alýarlar. Özi-de, reagent öndürmek üçin gerekli enjamy kärhananyň hünärmenleriniň özi ýasadylar.
TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde kislota almagyň tehniki düzgüni işlenilip taýýarlanyldy. Golaýda himiýaçylar ýörüte «Ak Sili» HK üçin hlorowodorodyň suwdaky ergininiň esasynda energetikada we beýleki pudaklarda ulanylýan ýylylyk alşygy hem-de ýyladyş enjamlarynyň daşyndaky duz we demir oksidli gatlaklary aýyrmak üçin olary ýuwup aýyrýan ergin almagyň tehnologiýaýasyny işläp taýýarladylar. Mundan başga-da, ol mermerdäki, granitdäki we beýleki ýerlerdäki hek örtügini aýyrmakda, şeýle hem nebitli guýylaryň düýbüni arassalamakda ulanylýar. Ýaňy-ýakyna çenli bu reagent daşary ýurtlardan satyn alynýardy.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!