«Zemin açary» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynyň işgärleri Daşoguz welaýatynda önümiň eksportuny ýola goýan şahsy düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa witaminlik önümiň ilkinji tapgyry Russiýa we Gyrgyzystana ugradyldy. Daşary ýurtly alyjylar 100 tonna ýokary hilli pomidor aldylar.
Döwlet tarapyndan Akdepe etrabynda uzak möhletleýin eýeçilige berlen üç gektar ýerde ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy sypatlary bolan we uzak möheltleýin ulanylýan ýörüte örtük ulanyldy. Onda ýylylyk we yşyk kadalaryny, topraga yzgar bermegi we ýokumly maddalar bilen iýmitlendirmegi kompýuter programamsy üpjün edýär. Möwsümde 680 tonna çenli önüm öndüriler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirgazygynda döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde hususy telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek jähtinden oba hojalyk önümçiligi pudagyny işjeň özleşdirýärler. Şu ýyl şeýle hem S.A. Nyýazow adyndaky etrapda ýyladyşhana hojalygyny guran «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa miwe-gök ekin önümleriniň ilkinji tapgyrlaryny ugratdy.

www.turkmenistan.gov.tm

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähmiýetini aýdyp, oba hojalygyna goldaw bermek işlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň hem-de bu pudakda işleýän telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Munuň özi azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy wezipeleri barada aýdyp, TSTB-niň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetinde esasy orun eýelemelidigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülmelidigini hem-de Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ykdysady ulgama üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etmelidigini nygtady.
Ýurdumyzyň işewürleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hususy başlangyçlar üçin döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, häzirki döwürde önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. TSTB-niň gatnaşmagynda Çyzykly belgiler boýunça milli gurama döredildi.

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody koagulýantyň- tehniki arassalanan sulfat ammonisiniň birinji tapgyryny çykardy. Hojalykda ulanylýan-agyz suwuny we senagata niýetlenen suwy howply garyndylardan hem-de zyýanly mikroorganizmlerden arassalamak üçin reagentiň önümçiligi “Ussat ýardamçy” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda ýola goýuldy. Bilelikdäki önümçilik köne sehiň binýadynda döredildi. Telekeçileriň gatnaşmagynda üznüksiz işleýän liniýalaryň dördüsinden biri dikeldildi we işe girizildi, enjamlar hem-de binalar abatlanylýar.
Ýylyň başyndan bäri “Ussat ýardamçy” HJ-nyň maýa goýumlarynyň hasabyna Russiýadan, Hytaýdan, Italiýadan we Türkiýeden 100 tonna golaý ammoniý gidroksidi satyn alnyp, oňa kükürt kislotasy bilen garylyp, 350 tonna ýokary hilli koagulýant alyndy. Suw arassalaýjynyň ilkinji tapgyry “Türkmengazüpüjnçilik” Birleşiginiň kärhanalarynda, Mary DES-nde we ýurdumyzyň sebitlerindäki suw arassalaýjy kärhanalarda synagdan geçirildi.

Bir dana kişiden:
─ Heý-de ömrüňizde bir gezek tutan maksadyňyza ýetmekde oňa siňdiren yhlasyňyzyň ýerine düşmänligi, garaşan netijäňiziň bolmanlygy üçin lapykeçlige duçar bolduňyzmy? ─ diýip, gyzyklanyp sorapdyrlar.
Akyldar ýylgyrypdyr-da üljeli bagdaky balykgulak hakynda gürrüň beripdir:
─ Salkyn ýaz günleriniň birinde, heniz agaçlar gülläbem ýetişmänkäler, özüniň haýal-ýagallygy bilen tanalýan kinniwanja balykgulak şahadan ýokarlygyna dyrmaşyp başlapdyr.
Bu bagda hezil edip ýören şowhunly guşlar balykgulagyň üstünden gülüpdirler.
─ Eýsem, bu bagda üljeler ýetişdimi? ─ diýip, uçup gelen garga göwnüýetmezçilik bilen ondan sorapdyr.
Ol äwmezlik bilen men ýetýänçäm ýetişer ─ diýip, jogap beripdir.

Terjime eden Maýa APBAÝEWA, žurnalist.

“Ferhar” ýyladyşhana hojalygynda türkmen bananlarynyň ilkinji hasylyny ýygnamak işi başlandy. Biziň ýurdumyz üçin ekzotik bolup durýan ösümlik döredilen amatly şertlere gowy uýgunlaşdy hem-de bol miwe getirip başlady.
Telekeçi bananlary ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda beýikligi 8,6 metr barabar ýörite ýyladyşhana gurdy.
Bu ýerde her gün bir “agaçdan” 40-45 kilogram banan ýygnalýar we ýurduň bazarlaryna ýerlenilýär.

www.tstb.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!