“Jahan Elektronik” hususy kärhanasynyň hünärmenleri 20 ýyldan bäri sewotoforlary dolandyryş ulgamlary bolan köpugurly sazlaýjy gurallary işläp düzýär we öndürýär.
Ýol hereketini düzgünleşdirýän gurluşlaryň ýanynda gurnalýan bu abzallar diňe reňkli yşaratlaryň geçişini üpjün etmän, eýsem “adaty”, “gijeki”, “sary ýanyp sönme”, “ýaşyl tolkun” ýaly dürli düzgünleri awtomatik ýagdaýda işletmäge ukyplydyr. Iki ýyl mundan ozal kärhananyň hünärmenleri içinde mikroprosessor oturdylan abzallaryň öndürilişini özleşdirdi.
Ýol hereketini düzgünleşdirmek üçin sazlaýjy gurallardan başga-da, Jahan Elektronik sorulýan suwuň derejesinden aşak çümdürilýän we kese gurnalýan sorujylary dolandyrmak üçin enjamlary öndürýär. Mikroprosessorlar enjamyň ygtybarly işlemegini üpjün edýär, gorag bolsa, 10 sany bolup biljek heläkçilikli ýagdaýlaryň biri ýüze çykanynda işleýär.
HK-nyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen programma elektrik hereketlendirijileriň hyzmat ediş möhletini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr”-yň habaryna görä, Daşoguzyň nebit kärhanasynda onlarça sorujylar Jahan Elektronigyň mikroprosessor goragy bilen üpjün edildi. Awtomatik gurluşlar birnäçe inedördül kilometrlik meýdanda ýerleşdirilen enjamlara aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda kärhananyň hünärmenleri ätiýaçda duran elektrigi awtomatik ýagdaýda iberýän şkaflary işläp düzýär. Bu gurluşlar dürli desgalary energiýa bilen üznüksiz üpjün etmek üçin niýetlelen. Şeýle-de hünärmenler enjama düşýän agramy peseldýän, şeýle-de ýylylygyň ýitmegini azaldýan reaktiw kuwwatlygyň öwezini dolmak üçin niýetlenen gurluşlary öndürýär.

www.turkmenistan.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!