Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda süýdi gaýtadan işlemek boýunça hususy iri kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Öremuhammet Annagylyjow gurýar. 2 gektar meýdanda süýdi gaýtadan işleýän we süýt önümlerini taýýarlaýan sehler, laboratoriýa, edara jaýy, dükan, lukmançylyk nokady, kömekçi düzümleriň binalary bolar. Şu günler önümçilik we laboratoriýa binalary gurulýar.

Döwlet maýa goýumlary we ykdysady taýdan höweslendirmek çäreler toplumy netijesinde welaýatda maldarçylyk pudagy netijeli ýöredilýär. Et-süýt önümçilgi ulgamynda hususyýetçileriň paýy ulydyr. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň telekeçilikler bileleşiginiň agzalary netijeli karz gurallaryna daýanyp, bu pudaga degişli dürli kuwwatlykly täze toplumlaryň birnäçesini gurýarlar.

www.turkmenistan.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!