Häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynda 12 müň tonna golaý kartoşka ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň dörtden bir bölegine golaýdyr. Bu azyklyk önümi öndürmekde Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekarançylary öňde barýarlar, olar dokuz ýüz gektar meýdandan 12 müň 600 tonna kartoşka ýygnamagy we geçen ýylky görkezijiden 3 müň tonna köp hasyl ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Ýerli kärendiçiler eýýäm bäş müň tonna golaý kartoşka ýygnadylar.

S.A. Nyýazow adyndaky etrapda 700 gektar ýerden 10 müň tonna golaý kartoşka ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Welaýat boýunça 3 müň 400 gektar ýeriň her gektaryndan ortaça 140 sentner, jemi 47 müň 600 tonna hasyl ýygnamak bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde irki sogan ýygnamak hem dowam edýär. Eýýäm 3 müň tonna golaý sogan ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň 20 göterimine golaýdyr.

Daşoguz welaýaty gök-miwe hem-de bag-bakja ekinlerini ýurduň söwda nokatlaryna iri iberijidir, sebit içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýar. Ekinleri ýetişdirmekde adaty tehnologiýalaryň we iň gowy dünýä tejribesiniň ýerlikli utgaşdyrylmagy, oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, ýerden we suwdan rejeli peýdalanylmagy, seçgi işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça çäreler toplumy, telekeçilik oba hojalyk klasteriniň kemala getirilmegi – oba hojalyk pudagyny ösdürmekde üstünligiň möhüm şertidir.

www.turkmenistan.gov.tm